Ï Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler taýýarlanylýar

view-icon 1860
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler taýýarlanylýar

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanda aýdym-sazly medeni baýramçylyklardan başlap, döredijilik bäsleşigine, teatr we sirk çykyşlaryna çenli çäreleri öz içine alýan hakyky wakalar utgaşmasy taýýarlanylýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy saz sungatynyň kiçijek muşdaklary we olaryň ata-eneleri üçin çagalaryň baýramyna bagyşlanan birnäçe konsert geçirer.

27-nji maýda sagat 17:00-da «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan Watanym – bagtyýar çagalygyň мекany» atly konsert bolar.

Bu çärä baranlar aýdym-sazlardan, tanslardan we gyzykly oýunlardan lezzet alarlar. Oňa iň işjeň gatnaşanlar höweslendiriş sowgatlary bilen sylaglanar.

28-nji maýda sagat 17:00-da «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähi çagalary boş wagtlaryny ýaş zehinler bilen aýdym-sazly geçirmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guralan «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly konsert interaktiw ýaryşlary we gyzykly oýunlary öz içine alar. Bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar guramaçylardan baýrak alarlar.

31-nji maýda sagat 18:00-da M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda çagalar aýdym-saz mekdepleriniň okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň we sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsert bolar.

Mugallymlaryň belleýşi ýaly, aýdym-saz mekdepleriniň okuwçylary bu konsertlere uly jogapkärçilik bilen taýýarlanýar. Çünki giden tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmek çagalaryň sazanda we ýerine ýetiriji hökmünde ösmegine goşant goşýan gymmatly tejribedir.