Ï «Hindi söýgüsi» sahna oýny A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hindi söýgüsi» sahna oýny A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda

view-icon 2157
«Hindi söýgüsi» sahna oýny A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda hindi dramaturgy Gopalakrişna Paraçuriniň pýesasy esasynda «Hindi söýgüsi» sahna oýnunyň görkezilişi boldy.

Näme üçin hindi filmlerini gowy görýäris? Ajaýyp aýdymlary we tanslary üçin. Owadan lybaslary üçin. Aktýorlaryň özüneçekijiligi üçin. «Hindi söýgüsi» sahna oýnunda bularyň hemmesi we başga-da hüjümler, ýakalaşmalar, ýangyn hem-de elbetde söýgi bar.

Bu sahna oýny barada öz pikirimizi üç sözde aýdyp bileris: «Ony hökman görüň!». Spektakl şadyýan, parlak konserte meňzeýär, onda ýedi tans kompozisiýasynyň bardygyny bellemek ýeterlikdir. Şol bir wagtyň özünde, sahnada tomaşaçylara baýlygyň güýç we hormatdygyny, garyplygyň bolsa hakyky söýgi berýändigini ýatladýan wakalar bolup geçýär. Her kim özüçe bir zady saýlaýar. Begenç Işangulyýew baş gahryman Santoşyň keşbini ussatlarça ýerine ýetirdi we ol sahnada Şiri saýlady hem-de Londondan gelen talypdygyna garamazdan, hakyky hindi daýhanyna öwrüldi.

Biz režissýor Baýram Garajaýewe: «Bu sahna oýny näme üçin saýlandy we üstünde nähili işlendi?» diýen sowal bilen ýüzlendik.

Baýram: «Hindi filmlerine tomaşa edip ulaldym diýip bilerin, şonuň üçin bu spektaklyň sahnalaşdyrylmagyny öňden bäri niýet edinip ýördüm. Ahyrsoňy, arzuwym hasyl boldy. Sahna oýnuna gaty köp adam – toparyň ähli aktýorlary diýen ýaly gatnaşýar. Hemmelere, ilkinji nobatda bolsa, ähli aktýorlary tansçylara öwürmegi başaran Adelina Nazarowa, Merdan Nurmuhammedowa we Begenç Işangulyýewe sag bolsun aýdýaryn.

Sahna oýnuny aýdym-saz bilen bezän Begenç Kakaýew we Denis Wybornow örän ajaýyp hindi aýdym-sazlaryny saýlamagy başardylar. Tikin toplumynyň ussalary milli hindi eşiklerini taýýarlamak üçin gör, näçe söýgi we zähmet siňdirdiler».

Horeograf Adelina Nazarowa: «Tans edýän çagalar nireden geldiler?» diýen sowal bilen ýüzlendik.

Adelina: «Bular A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň çagalary. Tans edişlerini görüp hem olaryň ilkinji gezek sahna çykýandyklaryna göz ýetirensiňiz. Ýöne olaryň entek çagadyklary olaryň çykyşlaryny has-da özüneçekiji edýär» diýdi.

Biz hem ýokarda aýdylanlar bilan doly ylalaşýarys. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparyny bolsa täze sahna oýny bilen gutlaýarys we bu sahna oýnunyň iň köp tomaşaçy ýygnajak hem-de olara uly lezzet paýlajak sahna eseri bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.