Ï Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çäreleriniň birnäçesini gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çäreleriniň birnäçesini gurady

view-icon 3434
Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çäreleriniň birnäçesini gurady

2024-nji ýylyň 25-26-njy maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe medeni we sport çärelerini geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.  

25-nji maýda Ilçihananyň binasynda türkmen diasporasynyň wekilleriniň, diplomatlaryň, talyp ýaşlaryň we edebiýat muşdaklarynyň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň we Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.B.Orazowyň çykyşlary bilen başlandy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen talyplary çärä gatnaşyjylary bu kitaplaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar we täze neşirleriň Türkmenistanyň ösüp gelýän nesilleri üçin ähmiýetlidigini bellediler. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlary ýerine ýetirildi.

Çäräniň edebi bölegi tamamlanandan soňra küşt boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýle-de bu ýerde Magtymguly Pyragynyň we türkmen edebiýatynyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserlerini, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, taryhyny we däp-dessurlaryny beýan edýän sergi guraldy.

26-njy maýda Waşington şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişi guraldy. Welosiped ýörişine gatnaşyjylar ABŞ-nyň paýtagtynyň merkezinde Döwlet tugumyzy belende göterip geçmek bilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara çäreleriň ähmiýetini we Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine ymtylyşyň wajyplygyny görkezdiler.

Çäreleriň toplumy Maklin şäherçesinde (Wirjiniýa ştaty) türkmen diasporasynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň we diplomatlaryň gatnaşmagynda geçirilen futbol ýaryşy bilen tamamlandy. Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.