2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň döreden her ýyl 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň habar bermegine görä, 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki «Welotrek» sport toplumynda welotrek boýunça çempionat geçiriler. Şeýle hem 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen – Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat bolan welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. 3-nji iýunda bolsa paýtagtymyzda köpçülikleýin welosiped ýörişini guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Bütindünýä welosiped gününiň giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmelidigini, şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýokary derejede bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmegi tabşyrdy.