Ï «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar

view-icon 1704
«Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Şu günlerde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan öňdebaryjy hojalygyň agzybir hünärmenleri döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň maldarçylyk pudagyny, ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulygy ösdürmek hakynda edilýän aladalara jogap edip, döwrebap işleri bitirýärler.

Häzirki wagtda «Nurly meýdan» daýhan hojalygy içerki, daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde sarp edijileriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Daýhan hojalygynyň 50 gektar meýdany tutýan önümçilik desgalarynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna towuk etini öndürýän bölüm, 14 million jüýje çykarýan inkubatorly, şeýle-de 50 million azyklyk ýumurtga, 18 million tohumlyk ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumy hereket edýär. Olarda towuklary talabalaýyk idetmek hem-de köpeltmek üçin kämil önümçilik talaplaryna doly laýyk gelýän nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler bar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan-da, lomann tohumly bolup, ýumurtga berijiligi bilen has-da tapawutlanýar.

Toplumda towuklardan her ýyl alynýan azyklyk, tohumlyk ýumurtgalaryň möçberi durnukly ösýär. Gürrüňi edilýän hojalyk inkubatorly guşçulyk toplumyny işe girizmek bilen, ýurdumyzda ilkinji bolup, 2019-njy ýylyň dekabrynda inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Bu usul broýler guş etini, şol sanda ýumurtgalary senagat möçberinde öndürmäge mümkinçilik berýär. Şunda häzirki zaman guşçulyk pudagynda synagdan geçirilen öňdebaryjy tehnologiýalar peýdalanylýar.

Golaýda bolsa «Enelik towuk» taslamasy boýunça ABŞ-nyň Hy-line kompaniýasynyň «W-80» tohumly 8 müň we «Sonia» tohumly hem 8 müň, umumylykda-da 16 müň sany ýumurtga ugurly mäkiýan jüýjeler hojalyk tarapyndan satyn alyndy. Agzalyp geçilen tohum ugurly jüýjeler ýurdumyzda ilkinji bolup, ýene-de «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda idedilip başlandy.

– Ýakyn wagtda toplumymyzyň önümçiliginde towuklaryň tohumlyk, azyklyk ýumurtgalaryny öndürip, içerki sarp edijilerimize ugradyp başlarys. Diýarymyzyň sebitlerinde guşçulyk bilen meşgullanýan hususyýetçiler, isleg bildirýän ähli taraplar tohumlyk ýumurtgalary, bir günlük ýaş jüýjeleri, towuklary sargytlar esasynda alyp bilerler – diýip, Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynyň ýolbaşçysy Amanmyrat Tuwakow biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.