Ï Galla oragy möwsümi guramaçylykly geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galla oragy möwsümi guramaçylykly geçiriler

view-icon 1862
Galla oragy möwsümi guramaçylykly geçiriler

Lebap welaýatynyň gallaçy-kärendeçileri ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň hem-de yhlasly zähmetiň netijesinde 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler.

Häzirki wagtda ýetişdirilen möhüm azyklyk önümi bolan bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça taýýarlyk işler tamamlandy, welaýatda bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige we saklamaklyga doly taýýar edildi. Şonuň bilen birlikde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 300-den gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary erk ederler.

Orak möwsüminde işleri iki iş çalşygynda alyp barmak meýilleşdirilýär. Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen, ýeterlik möçberde ätiýaçlyk şaýlary taýýar edilipdir hem-de kuwwatly tehnikalara tehniki hyzmat etmeklige niýetlenen göçme ussahanalar, kombaýnlary çalgy ýaglary we ýangyç bilen üpjün edýän awtoulaglar hereket ederler. Bu bolsa ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda zaýasyz ýygnamaga ýardam eder. Şeýle hem bugdaý hasylyny ekin meýdanlaryndan galla kabul ediş nokatlaryna awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 520 töweregi daşarlar. Orak möwsüminde zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň meýdan şertlerinde dynç almaklary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça hem degişli işleriň geçirilendigini bellemek bolar.

Jogapkärli möwsümde bugdaýly meýdanlarda galla oragynyň dowam edýän ýerlerinde, galla kabul ediş nokatlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan ýörite usuly-amaly maslahatlaryň geçirilýändigini, kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilendigini hem bellemek möhümdir. Lebap welaýatynda bugdaý oragyny guramaçylykly we ýokary hil derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler sebitiň oba hojalykçylarynyň ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny gysga döwürde ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrjakdyklaryna şaýatlyk edýär.