Ï Saparmyrat Ödäýew Bangkokda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna saýlama boks ýaryşynda ikinji tapgyra çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saparmyrat Ödäýew Bangkokda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna saýlama boks ýaryşynda ikinji tapgyra çykdy

view-icon 1448
Saparmyrat Ödäýew Bangkokda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna saýlama boks ýaryşynda ikinji tapgyra çykdy

Türkmen türgenleri Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna boks boýunça saýlama ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandylar. Bu üstünligi balkanabatly 23 ýaşly Saparmyrat Ödäýew gazandy.

Gonkongly 63,5 kilograma çenli agram derejesinde 28 ýaşly Li Kong Çine garşy tutluşykda ildeşimiz üç raundda-da bäsdeşinden rüstem geldi, bu derejede 65 boksçy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrunda göreşýärler. Taýwandan, Kanadadan, Alžirden, Şri-Lankadan we Ukrainadan bäş emin biragyzdan ýeňşi Saparmyrada berdiler. Saparmyrat Ödäýew 1/16 finalda Aziýanyň çempiony, iki gezek Olimpiýa çärýek finalçysy Mongoliýadan 28 ýaşly Sendbaatar Erdenebat bilen duşuşar.

Sendbaatar Erdenebat professional boksdan höwesjeňler ligasyna dolanyp, ilkinji tutluşygynda wýetnamly Wu Than Daty – 5:0 hasabynda ýeňdi. Aziýa boks konfederasiýasynyň (ASBC) metbugat gullugynyň habaryna görä, bu tutluşykda mongol türgeni üçünji Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak niýeti bilen indiki saýlama tapgyry üçin güýjüni tygşytlady. 

Biziň boksçymyzyňam meýli şol. Saparmyrat boks bilen ir – 7 ýaşynda meşgullanyp başlady. 2013-nji ýylda mekdep ýaşlylar toparyna girdi we ilkinji milli çempionatda altyn medal gazandy. Şondan bäri dürli ýaş toparlarynda 2014, 2015, 2017 we 2018-nji ýyllarda öňe saýlandy. 2018-nji ýylda bolsa Tailandyň paýtagtynda geçirilen Aziýa ýaşlar çempionatynda kümüş medal gazandy.

Şu ýylyň mart aýynda Busto-Arsizio (Italiýa) şäherinde geçirilen ilkinji dünýä olimpiýa saýlama ýaryşynda Saparmyrat Ödäýew 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin bir ädim ýetmän galdy. Üç tutluşykda Hampus Bromandan (Şwesiýa), Ismail Umardan (Finlýandiýa) we Bartlomeý Roskowiçden (Polşa) üstün çykyp, çärýek finalda Hesus Kowadan (Wenesuela) ýeňildi we netijede Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak meselesini Bangkokda geçirilýän häzirki ýaryşa çenli soňa goýdy. 

Saparmyrat Ödäýewiň boks bilen meşgullanmagyny Balkanabat şäherindäki 3-nji sport mekdebinde tälimçilik bilen üstünlikli utgaşdyrýandygyny bellemek gerek.

Ýöne beýleki boksçymyz – Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçileriniň umyt baglan türgeni, tomusky ХIХ Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Baýramdurdy Nurmuhammedow ilkinji tutluşygynda 2022-nji ýyldaky Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi 27 ýaşly Byamba-Erdene Otgonbaatardan (Mongoliýa) eminleriň karary bilen ýeňildi we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak arzuwy bilen hoşlaşdy. Diňe Filippinlerden bir emin Baýramdurdy Nurmuhammedowa 29:28 ýeňiş berdi. Puerto-Rikodan, ABŞ-dan, Ukrainadan we Gwatemaladan galan dört emin çala tapawut bilen garşydaşyň peýdasyna ses berdiler.

Aziýa boks konfederasiýasynyň (ASBC) metbugat gullugy: – Türkmen boksçusy garşydaşyny güýçli urgular bilen ýeňjek bolup, tutluşykda çekinmän topuldy ýöne mongol türgeni Byamba-Erdene Otgonbaatar oýlanşykly hereket etdi – diýip, tutluşygyň netijesini teswirledi.

Şükür Öwezowyň öň 57 kilograma çenli agram derejesinde Saud Arabystanyndan 22 ýaşly Ziýad Ali Majraşi bilen tutluşykda 5:0 hasabynda aňsatlyk bilen ýeňendigini ýatladýarys. Ol ýaryşyň indiki tapgyrynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi we 2018-nji ýylda geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, 54 kilograma çenli agram derejesinde Aziýanyň çempiony, ilkinji duşuşygynda Alekseý Lagkazaşwiliden (Gresiýa) 5:0 hasabynda üstün çykan 25 ýaşly Karlo Paalam (Filippinler) bilen duşuşar. 

Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşy boksçular üçin 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin iň soňky mümkinçilikdir.