Ï Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler

view-icon 1927
Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler

Şu günler Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri tarapyndan döwlete pile tabşyrmak boýunça jogapkärli işler alnyp barylýar. Howa şertleri sebäpli bu ýerdäki ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmek ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz giç başlanýar.

Şeýle-de bolsa, gymmatly çig maly öndürmekde toplanan tejribe, ähli arassaçylyk we tehniki talaplary berk berjaý etmek netijesinde her ýyl içerki dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pile taýýarlamakda ýokary derejelere ýetýärler. Şabat etrabynyň ýüpekçileri şu güne çenli onlarça tonna piläni döwlet harmanyna tabşyryp, gowy netijeleri görkezýärler.

Etrabyň bu çig malyň esasy öndürijisidigini we şu ýylda 184 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýändigini ýatladýarys. Şertnamalaýyn borçnamalary 80 tonna bolan Görogly etrabyň ýüpekçileri döwlet harmanyna pile tabşyrmak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Welaýat boýunça şu ýyl bäş ýüz tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. Bu işe welaýatyň kärendeçileriniň hem köpüsi gatnaşdyryldy.

Daşoguz welaýatynda ähli zerur şertleriň we ýüpek gurçuklary üçin ýeterlik iýmitiň bolmagy ýüpekçiligiň ösmegine oňaýly täsir edýär. Döwlet tarapyndan öndürijilere berýän hemmetaraplaýyn goldaw ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde önümçiligiň ýokary mümkinçiligiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň kepili bolup durýar.