Ï Ýaşlar simfoniki orkestriniň we çagalar horunyň konserti bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlar simfoniki orkestriniň we çagalar horunyň konserti bolar

view-icon 2155
Ýaşlar simfoniki orkestriniň we çagalar horunyň konserti bolar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerinde bilim alýan aýdym-saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de ýaş sazandalaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirmek maksady bilen, ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň konsertini geçirýär.  

Bu ugurda ýörite döredilen guramaçylyk topary tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerindäki çagalar sungat, ýörite sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinden ýerine ýetirijilik ukyby ýokary, notany ýüzugra okamak başarnygy kämil bolan zehinli çagalar we hor toparlary diňlenişik esasynda saýlanyp alyndy.

Konsertde 110 sany zehinli ýaş sazandadan ybarat ýaşlar simfoniki orkestri, 120-ä golaý çagany jemlän birleşen çagalar hory, körpe we ýetginjek aýdymçy-sazandalar meşhur türkmen we daşary ýurt aýdym-saz eserleri bilen çykyş ederler.

Konsert Çagalary goramagyň halkara güni  bolan 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde  geçirilýär.  Konsert sagat 15:00-da başlanar.