Astrahan şäheriniň häkimi Igor Babuşkiniň ýakynda tamamlanan «Russiýa ‒ Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» atly XV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda Russiýanyň bu sebitiniň halkara gatnaşyklarynyň artýan ýagdaýynda Astrahanyň «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň ähmiýeti bellenip geçildi.
«Türkmenistanly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde aýratyn ykdysady port zolagynda ýerleşjek söwda-logistika kompaniýasyny döretmek örän möhüm taslamadyr. Munuň uly ähmiýeti bardyr, şol sanda biziň port mümkinçiliklerimizi ulanmak bilen, ýükleri üstaşyr geçirmekde-de ähmiýeti uludyr» diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Igor Babuşkiniň sözlerine salgylanýar.
Logistika merkeziniň çäginde harytlary ammarlara ýerleşdirme, saklama, olary daşamaga we satuwa taýýarlama, şeýle hem önümleriň birža we lomaý söwdasy göz öňünde tutular. Astrahanda port aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döremegi netijesinde, Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Owganystana we Pakistana ýük geçirýän ulag merkezine öwrülip biler. Iki ýylyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilýän logistika merkezi Astrahan şäherindäki beýleki hyzmatdaşlar üçin-de nusga bolup biler.
Astrahan şäheriniň port aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek hakda maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» PJ arasynda 2023-nji ýylda Aşgabatda türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäginde Ähtnama gol çekildi.