Ï Türkmenistanyň wekilleri Hazar ylym-bilim kongresine gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri Hazar ylym-bilim kongresine gatnaşdylar

view-icon 3033
Türkmenistanyň wekilleri Hazar ylym-bilim kongresine gatnaşdylar

29 – 31-nji maý aralygynda Astrahan oblastynda geçirilen Hazar ylym-bilim kongresi ylym, tehnologiýalar, bilim we medeniýet, şeýle hem Hazarýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklaryna hünärmenleri taýýarlamak meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikler üçin meýdança boldy.

Çärä Hazarýaka bäş ýurduň resmi wekiliýetleri, ýokary okuw mekdepleri, öňdebaryjy ylmy edaralar we jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekiliýeti kongresiň çäklerinde geçirilen «Suw ulaglary meseleleriniň wajyp çözgütleri» atly III Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş etdi. Bu ýokary okuw mekdebiň wekilleri üstaşyr ulgamlaryny sanlaşdyrmak we ulag düzümlerinde geoinformatika tehnologiýalaryny ulanmak babatynda işläp taýýarlamalary hem-de ýeten üstünlikleri barada gürrüň berdiler.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň goňşy ýurtlardan halkara üstaşyr ýük daşamakdaky ornuna we portuň multimodal ulag ulgamynyň kemala gelmegindäki ähmiýetine aýratyn üns berildi. Portuň täze nyrh ulgamy, galla önümlerini daşamak üçin teklip edilýän mümkinçilikler we sebitdäki iň uly ulag merkezi hökmünde ösüş geljegi diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Gadam Ilamanow Hazar ylym-bilim kongresiniň çäklerinde geçirilen «Maşgala häzirki zaman Russiýasynyň we Hazarýaka ýurtlarynyň däp bolan gymmatlygydyr» atly Halkara maslahatynda çykyş etdi. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Hazar sebitiniň beýleki ýurtlary ýaly Türkmenistanyň hem durnukly geljegi üpjün edýän ozaldan gelýän maşgala gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

– Maşgala gurmak we köp çagaly maşgalalara goldaw bermek, şeýle hem çagalaryň ösmegine şertler döretmek üçin uly göwrümli maksatnamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Çagalaryň watanperwerlik we ata-baba gymmatlyklara hormat goýmak terbiýesine aýratyn üns berilýär. 

Maslahatyň ahyrynda ozaldan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryny goramak meselesinde milli howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ylmy gözlegleri we bilim tejribesini güýçlendirmegiň zerurlygy nygtaldy.