Türkmenistanly türgenler Jakartada (Indoneziýa) geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionatynda iki altyn we iki kümüş medal gazandylar.
Bäsleşige 13 ýurtdan 340 türgen gatnaşdy. Dünýä çempionatynda 8 türgeniň wekilçilik eden Türkmenistanyň toparyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Daýanç Gylyçdurdyýew (agramy 65 kg çenli) erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Milli kiokuşinkaý karate merkeziniň tälimçi-mugallymy Ogulbagt Gurbanowa (65 kg-dan agyr) altyn medala mynasyp boldular.
Kümüş medallary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülnabat Ýazylowa (55 kg çenli) we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýimdhan Soltanowa (65 kg çenli) eýelediler.
Kiokuşinkaý 1950-nji ýyllarda Masutasu Oýamanyň esaslandyran karateniň bir görnüşidir. Kiokuşinkaý karateniň iň kyn we zabun görnüşlerinden biri hasaplanýar. Söweşler gorag enjamsyz geçirilýär, onda türgenler söweşde biri-birini urup bilýärler. Düzgünler kellä el bilen urmagy gadagan edýär.
Karateniň sparring wagty şowly hereket üçin utuk berilýän beýleki görnüşleriniň köpüsinden tapawutlylykda, kiokuşinkaýda degişlilikde «wazari» we «ippon» diýlip atlandyrylýan söweşijiniň dürli usullary şowly ulanany üçin «nokdaun» hem-de «nokaut» düzgünlerini ulanýar.