Şu gün Türkmenistanda her ýylyň 3-nji iýunynda bellenýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýaryşy başlandy.
Bütindünýä welosiped gününiň biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde döredilendigini ýatladýarys.
Onuň baýram edilmeginiň çäginde ilat arasynda welosporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti Welosport federasiýasy bilen bilelikde Içeri işler, Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem ýerli dolandyryş edaralaryň kömegi bilen birnäçe çäre gurady.
Ozal habar berlişi ýaly, baýramçylygyň bir gün öňýany paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde welosport boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirilip, oňa Aşgabatdan we welaýatlardan 2006 ‒ 2010-njy ýyllarda doglan ýaş sportçularyň 50-den gowragy gatnaşdy.
Şu gün bolsa, gurluşygy dowan edýän 600 kilometrlik Aşgabat ‒ Türkmenabat awtoulag ýolunyň bir bölegi bolan Mary ‒ Tejen ‒ Aşgabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň bir böleginde uzynlygy 335 km bolan ýörite ugur boýunça dört gün dowam etjek welosiped marafony Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde başlandy.
Bilşimiz ýaly, ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň birinji, ýagny Aşgabat ‒ Tejen bölümi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda işe girizildi. Aşgabat ‒ Türkmenabat ýolunyň Tejen ‒ Mary arasyndaky ikinji bölümi 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan dabaraly ýagdaýda açyldy we ugruň ýokary howpsuzlygyny hem gurluşygynda innowasion ýokary tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan bäş sany halkara şahadatnama berildi.
Bu halkara derejeli ýol 6 zolakdan ybarat we tehniki taýdan dünýä standartlaryna laýyk gelýär. Onuň infrastrukturasynda gözegçilik kameralary bilen enjamlaşdyrylan ýol polisiýa posty, tehniki hyzmat we ýol hyzmatlary nokatlary göz öňünde tutulypdyr. Uly ýoluň tutuş dowamynda gyssagly jaňlar we kömek üçin dolandyryş merkezine birikdirilen ýörite telefon nokatlary bar.
Bu gün bolsa ýokary tizlikli bu awtoulag ýoluny ähli amatlyklary bilen welosiped marafonyna gatnaşýanlar ‒ tutuş ugur boýunça Türkmenistanyň welosport federasiýasynyň 8 tälimçisiniň we 3 welosiped ussasynyň hemralygynda Aşgabat şäherinden 50-den gowrak sportçy synagdan geçirdi.
Ýaryşyň başlanan güni welosipedçiler 131 km uzynlygyndaky Marydan Tejene çenli birinji bölümi geçdiler. Olar 1-nji iýunda bu ýoluň ugrunda ýerleşýän «Kerwensaraý» söwda we güýmenje merkezine çenli 104 km, 2-nji iýunda bolsa Änew şäherindäki Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebine çenli 75 km ýol geçmeli bolarlar. Welomarafonyň soňky gününde sportçular 25 km ýol geçip, «Welosiped» ýadygärligine çykarlar we bu ýerde däp boýunça 3-nji iýunda ‒ Bütindünýä welosiped güni geçiriljek köpçülikleýin welosiped ýaryşyna gatnaşýanlara goşularlar.