Ï Türkmen telekeçileri Hytaýda geçirilýän sergä çagyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri Hytaýda geçirilýän sergä çagyryldy

view-icon 2305
Türkmen telekeçileri Hytaýda geçirilýän sergä çagyryldy

Türkmen telekeçileri «Hytaý ‒ Ýewraziýa» atly 8-nji halkara sergä gatnaşyp bilerler. Degişli bildiriş Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň saýtynda ýerleşdirilipdir. Sergi 2024-nji ýylyň 26‒31-nji iýuny aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde geçiriler.

Bu ýyl sergi «Ýüpek ýolundaky täze mümkinçilikler ‒ Ýewraziýa üçin täze durmuş güýji» şygary astynda geçer. Bu sergide ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan önümler we hyzmatlar görkeziler, şeýle hem Hytaý we Ýewraziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň arasynda işewür duşuşyklar we gepleşikler geçiriler.

EKSPO-nyň çäginde «Týan-Şan» forumy geçiriler, şeýle hem Hytaý ‒Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça forumlar, mowzuky çäreler, Hytaý we daşary ýurt medeniýet hepdeligi, maýa goýumlary çekmek we söwda boýunça birnäçe çäreler guralar. 100 müň inedördül metr meýdanda üç sany esasy sergi zolagy, maýa goýum hyzmatdaşlygy sergi zolagy, halkara sergi zolagy, ýöriteleşdirilen pudaklar, energetika, enjam önümçiligi, dokma we geýim, sanly tehnologiýalar, oba hojalyk we azyk önümleri, medeniýet we syýahatçylyk sergi zolagy guralar.

Öňki ýyllarda Hytaý ‒ Ýewraziýa EKSPO-syna 40 hytaýly we daşary ýurtly liderler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ministrlik derejesindäki 1100-den gowrak hytaýly we daşary ýurtly hormatly myhmanlar, 70 ýurtdan we sebitden 12 müňden gowrak kärhana gatnaşdy. Umuman alanyňda, 60-dan gowrak ýokary derejeli forum we mowzuky çäreler guraldy.