Ï Türkmen futbolçylary taryhda ilkinji gezek Grenlandiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen futbolçylary taryhda ilkinji gezek Grenlandiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar

view-icon 3279
Türkmen futbolçylary taryhda ilkinji gezek Grenlandiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar

Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbolçylary milli ýygyndylar derejesinde ilkinji gezek duşuşarlar. 

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habaryna görä, oýun 1-nji iýunda bolar. Türkiýäniň Antalýa şäherinde Mergen Orazowyň topary Özbegistanyň we Gonkongyň toparlary bilen 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň soňky saýlama oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde türgenleşik ýygnanşygyny geçirýär.

Grenlandiýanyň ýygyndysy we ol ýerde futboluň ösüşi barada näme bilinýär? 

Grenlandiýa dünýädäki iň uly adadyr. Ol Demirgazyk Amerikanyň demirgazyk-gündogar tarapynda, demirgazykda Demirgazyk buzly ummanyň, günortada Labrador deňziniň we günbatarda Baffin deňziniň arasynda ýerleşýär.

1536-njy ýylda Grenlandiýa Daniýanyň golastyndady, emma ada koloniýa derejesini diňe Ikinji jahan urşundan soň ýitirdi – şonda Daniýa korollygynyň bir bölegi diýlip yglan edildi. 1979-njy ýylda Grenlandiýa özbaşdaklyk aldy we ýene 30 ýyldan soň öz-özüňi dolandyryşy giňeldildi.

Grenlandiýa juda owadan ülke bolsa-da, syýahatçylaryň arasynda meşhur ýurt däl. Bu ýerde 18 şäherde we 50-den gowrak obada 57100 adam ýaşaýar. Ilatyň azlygy Grenlandiýanyň 84 göteriminiň buz bilen örtülendigi bilen baglanyşykly.

1971-nji ýylda adada futbol birleşigi döredildi, ol erkekleriň we zenanlaryň arasynda çempionat gurap başlady. Şol ýyl hem Grenlandiýanyň milli ýygyndysy döredildi. 2000-nji ýyllaryň başynda Gaitiniň, Daniýanyň we Türkiýäniň milli ýygyndylarynyň öňki baş tälimçisi nemes Zepp Piontek işledi.

Grenlandiýanyň howasy, gynansak-da, ilata ýylboýy futbol oýnamaga mümkinçilik bermeýär. Adada ot ösenok, şonuň üçin diňe emeli we gum futbol meýdançalary bar. Grenlandiýada ilkinji emeli meýdança 2010-njy ýylda FIFA-nyň şol wagtky prezidenti Ýozef Blatteriň 3 müňden gowrak ilaty bolan günortadaky Kakortoga eden saparynyň çäklerinde açyldy. Şondan bäri olaryň sany 12-ä ýetdi.

Meýdançalarda janköýerler oturara ýörite ýer ýok – olar gaýalarda oturmaly bolýarlar, ol ýerden diňe bir oýna däl, eýsem, haýran galdyryjy aýsberglere, ummana we käte suwda böküşip ýören kitlere syn edip bolýar.

Otly futbol meýdançalarynyň ýoklugy sebäpli Futbol Assosiasiýalarynyň halkara federasiýasy (FIFA) häzirlikçe Grenlandiýany gurama agzalyga kabul etmeýär. Şeýlelik bilen, ýurt islese-de, dünýä we Ýewropa çempionatlaryna gatnaşyp bilmez. Ýeri gelende aýtsak, üç gün ozal Grenlandiýa Demirgazyk Amerikanyň geografiki bölegi hökmünde Demirgazyk we Merkezi Amerikada we Karib deňzinde futboluň ösmegine gatnaşan alty kontinental FIFA konfederasiýasynyň biri bolan KONKAKAF-a girmäge resmi taýdan ýüz tutdy. Sebit döwletlerinden başga-da, bu gurama Günorta Amerikanyň üç ýurdy: Gaýana, Surinam we Gwiana girýär.

Grenlandiýanyň futbol ýygyndy topary döredileni bäri 50-den gowrak, şol sanda FIFA we UEFA-nyň howandarlygynda halkara ýaryşlaryna gatnaşýan Islandiýa, Farer adalary we Gibraltar ýaly ýurtlar bilen oýnady. Ýeri gelende aýtsak, Grenlandiýanyň oýunçylary soňky topar bilen dört duşuşyk geçirip, iki gezek ýeňiş gazandylar.

Elbetde, köp ýyl bäri resmi FIFA we AFK ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygy Grenlandiýa futbolynyň taryhyna ýene bir sahypa hökmünde ýazylar. Grenlandiýanyň milli ýygyndysy bilen synag oýny, 6-njy iýunda Daşkentde (Özbegistan) we 11-nji iýunda Aşgabatda Gonkongyň toparlary bilen 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna saýlama oýunlaryndan öň futbolçylarymyz üçin gowy synag bolar diýip umyt edýäris.