Ï «Senagatbank» topary «Deňizçi» toparyny ikinji gezek ýeňdi we çempionlyga dalaş edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Senagatbank» topary «Deňizçi» toparyny ikinji gezek ýeňdi we çempionlyga dalaş edýär

view-icon 3153
«Senagatbank» topary «Deňizçi» toparyny ikinji gezek ýeňdi we çempionlyga dalaş edýär
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 9-njy tapgyrynda «Senagatbank» topary ýurdumyzyň häzirki dört gezek çempiony «Deňizçi» toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda çempionlyga islegini has-da berkitdi.

Duşuşygyň birinji ýarymynda iki topar-da öňe saýlanyp bilmedi. Ikinji ýarymynda welin Rahatmyrat Nepesow (25-nji minutda), Mekan Haýtmuhamedow (30-njy minutda) we Aýmyrat Magtymow (39-njy minutda) hersi bir pökgi geçirip Mergen Ataýewiň tälim berýän «Senagatbank» toparyna ýeňiş getirdi.

Bu garşydaşlaryň Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ikinji duşuşygydy. Birinji aýlawda hem «Senagatbank» topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Altyn medal ugrundaky göreşde geçirilen duşuşyklarda esasy bäsdeşini ikinji gezek ýeňlişe sezewar eden «Senagatbank» topary mümkin bolan 27 utukdan 27 utuk toplady we ikinji orundaky «Deňizçi» topary bilen tapawudyny 9 utuga çenli artdyrdy.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň şu ikinji şowsuzlygyndan soň milli birinjiligiň kümüş medaly ugrundaky göreş has güýçlendi. Muňa «Köpetdag» topary «Migrasiýa» toparyny 4:2 hasabynda utmagy hem ýardam etdi. Türkmenistanyň IIM-niň düzüminden Mülkaman Annagulyýew (18-nji we 32-nji minutlarda), Sähetmyrat Atdaýew (34-nji minutda) hem-de Watan Ataýew (36 minutda) tapawutlandylar. «Migrasiýa» toparyndan Ysmaýylmuhammet Öwekow (35-nji minutda) we Daýanç Garajaýew (39 minutda) jogap pökgüsini geçirdiler.

Şu duşuşykdan soň ýaryşda üçünji orundan barýan «Köpetdag» topary 16 utuk toplap, «Deňizçi» topary bilen aratapawudyny 2 utuga çenli azaltdy.

9-njy tapgyryň ýene bir duşuşygynda Daşoguz welaýatynyň «Turan» topary TNGIZT toparyndan 4:3 hasabynda üstün çykan ilkinji ýeňşi ünsüňi özüne çekýär. Duşuşygyň dowamynda Daşoguzyň topary ilki 0:2, soňra 1:3 hasabynda ýeňilýärdi. Duşuşygyň tamamlanmagyna az wagt galanda hem 2:3 hasabynda utulýardy, TNGIZT topary artykmaçlygy saklap galaýjak ýalydy. 

Şeýle-de bolsa, «Turan» toparynyň oýunçylary galan wagtda diňe bir oýny halas etmän, eýsem, soňky minutda bir pökgi geçirip, erjellik bilen ýeňiş gazandylar. Ýeňijilerden Azizbek Rozimow iki (13-nji we 19-njy minutlarda), Faruh Abdiýazow (38-nji minutda) we Sapargeldi Mätiýew (40-njy minutda), TNGIZT toparyndan Taňryberdi Amangeldiýew (5-nji minutda), Çaryýar Gurbannyýazow (6-njy minutda) we Maksat Amanow (14-nji minutda) hersi bir pökgi geçirdiler.

Bu ýeňişden soň «Turan» topary 4 utuk toplap, özünden öňde barýan TNGIZT toparyndan aratapawudy 1 utuga çenli azaltdy.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 10-njy tapgyrynda «Turan» – «Migrasiýa», «Köpetdag» – «Senagatbank», «Deňizçi» – TNGIZT toparlary duşuşarlar.