Ï Türkmenistanly mergenler Belarusyň açyk Kubogy ugrundaky ýaryşda kümüş we iki bürünç medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly mergenler Belarusyň açyk Kubogy ugrundaky ýaryşda kümüş we iki bürünç medal gazandylar

view-icon 3487
Türkmenistanly mergenler Belarusyň açyk Kubogy ugrundaky ýaryşda kümüş we iki bürünç medal gazandylar

Türkmen mergenleri Minskde geçirilen ýaý atmak boýunça Belarus açyk Kubogy ugrundaky ýaryşda bir kümüş we iki bürünç medal eýelediler.

Toparlaýyn we şahsy görnüşde geçirilen ýaryşlarda ýedi ýurtdan – Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 129 türgen bäsleşdiler.

Toparymyza 9 türgen wekilçilik etdi. Şahsy görnüşdäki bäsleşikde Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow kümüş medala mynasyp boldy. Ezizmuhammet Sähedow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bähbit Gurbanow we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Şöhrat Jumagulyýew bilen bilelikde toparlaýyn görnüşdäki bäsleşikde bürünç medal gazandylar.

Zenanlaryň arasynda geçirilen toparlaýyn görnüşdäki ýaryşda ýurdumyza ikinji bürünç medalyny Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýşa Annamyradowa, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Oksana Gataulina we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ogulsuraý Kakyşowa gazandylar. 

Iki medal gazanan Ezizmuhammet Sähedow 7 ýaşyndan bäri ýaýdan ok atmak bilen meşgullanyp başlady. Bir ýyldan soň E.Sähedow milli çempionatda deň-duşlarynyň arasynda öňe saýlandy. Ol 2016-njy ýyldan bäri öz ýaş toparynda Türkmenistanyň çempionlygyny elden bermän gelýär. 16 ýaşly Ezizmuhammet Sähedow halkara ýaryşlarynda medallary eýeledi. 2017-nji ýylda Antalýada (Türkiýe) geçirilen ýaryşda 10 ýaşdan uly bolmadyk mergenleriň arasynda altyn, 2019-njy ýylda bolsa Stambulda geçirilen ýaryşda 12 ýaşdan uly türgenleriň arasynda bürünç medal eýeledi. Geçen ýyl E.Sähedow Gazagystanda geçirilen «Gran Pri Astana» halkara ýaryşynda altyn, GDA ýurtlarynyň Belarusda geçirilen II oýunlarynda bürünç medal gazandy.

Zehinli ýaýçy 2024-nji ýylyň 25-nji iýunyndan 7-nji iýuly aralygynda Ýakutskda geçiriljek «Aziýanyň çagalary» VIII Halkara sport oýunlaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýar. 2022-nji ýylda Wladiwostokda geçirilen bu toplumlaýyn ýaryşda Ezizmuhammet Sähedow 4-nji ýeri eýeledi.