Ï Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

view-icon 1246

Mähriban ýaşlar!

Eziz talyplar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanyp, netijeli we aýgytly gadamlar bilen öňe ilerleýäris. Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Şol bir wagtyň özünde döwrüň depginine bat goşjak ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara, pudaklaýyn ylmy guramalarda ylma we döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi. Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda alada döwletimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň, talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, oýlap tapyjylykly ugurlara aýratyn üns bermekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikleri döredýäris.

Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäginde hünärlerini kämilleşdirmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna döredijilik saparlaryna yzygiderli iberýäris.

Hormatly ýaş alymlar!

Döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylmyň goşandy uludyr. Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary özüne ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine biz aýratyn buýsanýarys. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaş nesilleriň ylmy döredijilik başarnyklaryny, täzeçillige ýugrulan maksatly ädimlerini giňden goldap, olary üstünliklere höweslendirip, has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermelidir.

Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Siziň gazanýan üstünlikleriňiz döwletimiziň abraýydyr, ähli halkymyzyň buýsanjydyr. Ýaş alymlary ylmy işlere hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary ederis.

Mähriban ýaşlar!

Eziz talyplar!

Sizi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, ylym ulgamyny ösdürmekde we belent sepgitlere ýetirmekde uly rowaçlyklary arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.