Ï Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

view-icon 1647
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) «I» toparçada Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň we Mýanmanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. Bu şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky geçiriljek Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasynyň netijesinde belli boldy.

Bu ýaryşda 10-a bölünen 45 topar bäsleşer.

Türkmenistan bilen garşydaşlary «I» topara düşdi. Onuň oýunlary 25–29-njy sentýabr aralygynda Bişkekde (Gyrgyzystan Respublikasy) bir tapgyrda geçiriler.

Türkmen futbolçylary saýlaw ýaryşyny 25-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygy bilen başlar. 27-nji sentýabrda bolsa olar Gyrgyzystanyň ýygyndy topary bilen duşuşar. Ildeşlerimiz bu saýlaw ýaryşynda çykyşlaryny 29-njy sentýabrda Mýanmanyň ýygyndy toparynyň duşuşygy bilen tamamlarlar.

Galan ýygyndy toparlaryň düzümleri şeýle:

«A»: Wýetnam (meýdança eýesi), Siriýa, Bangladeş, Butan, Guam.

«B»: Özbegistan, Bahreýn, Taýwan (meýdança eýesi), Kamboja, Nepal.

«C»: Koreýa Respublikasy, Liwan, BAE, Kuweýt (meýdança eýesi), Demirgazyk Mariana adalary.

«D»: Awstraliýa, Saud Arabystany (meýdança eýesi), Palestina, Owganystan, Makao.

«E»: Täjigistan (meýdança eýesi), Oman, Malaýziýa, Şri-Lanka, Demirgazyk Koreýa.

«F»: Indoneziýa (meýdança eýesi), Ýemen, Gündogar Timor, Maldiwler.

«G»: Eýran, Mongoliýa, Hindistan, Laos (meýdança eýesi).

«H»: Yrak, Taýland (meýdança eýesi), Filippinler, Bruneý.

 «J»: Iordaniýa, Katar (meýdança eýesi), Singapur, Gonkong.

2025-nji ýylyň 6-njy fewralyndan 24-nji fewraly aralygynda Hytaýda geçiriljek ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) arasyndaky Aziýa Kubogy – 2025-iň finalyna toparçalaryň ýeňijileri we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezen bäş topary çykar.

24 toparyň gatnaşjak 24-nji dünýä ýaşlar çempionaty (U20) 2025-nji ýylda Çilide geçiriler. Bu ýurtda ozal 1987-nji ýylda final ýaryşy geçirilipdi.