Ï Aşgabatda BMG-niň NJM-niň başlangyjynyň çäklerinde gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň sebitara ýygnagy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda BMG-niň NJM-niň başlangyjynyň çäklerinde gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň sebitara ýygnagy geçirildi

view-icon 1008
Aşgabatda BMG-niň NJM-niň başlangyjynyň çäklerinde gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň sebitara ýygnagy geçirildi

Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitara duşuşygy geçirildi. 

Duşuşyga Türkmenistanyň wekilleri bilen birlikde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri gatnaşdy. Türkiýäniň Söwda ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar. Port gözegçiligi toparlarynyň arasynda ýokary töwekgelçilikli ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak usullaryny döretmek, ýokarda agzalan «Ýokary töwekgelçilikli ýükler üçin sebitleýin duýduryş ulgamy – RECASIS», «ContainerCOMM» ýerligini ykjam goşundy görnüşini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek duşuşygyň esasy temalary boldy. 

Şeýle hem oňa gatnaşyjylar Täjigistanda we Özbegistanda täze Port gözegçiligi toparlaryny döretmek meselesine garadylar. Olar BMG-niň NJM-niň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasynyň hem-de Gümrük gulluklarynyň sebitara ulgamyny we Port gözegçiligi toparlaryny döretmek baradaky özara düşünişmek barada Ähtnamany durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleri, geljekki we ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň NJM-niň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjy «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasy arkaly amala aşyrylýar.