Ï Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna

view-icon 937

Mähriban uçurymlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini hem-de işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany, hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz we zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän ýylynda Watan goragynda täze menzillere gadam goýmagyňyz sizi ýurt goragynda belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Çünki Magtymguly Pyragy Watany söýmegiň, halkyň asuda, özbaşdak durmuşyny ähli zatdan ilerde goýmagyň belent nusgasyny görkezen merdana şahsyýetdir. Şoňa görä-de, siz ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini pugta berjaý etmelisiňiz. Milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini goramagy, türkmen jemgyýetinde kanunylygy, hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy mukaddes borç hasaplamalysyňyz.

Ata Watanymyzyň edermen gerçekleri!

Şu ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşigi geçirildi. Onda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilen uçarmansyz uçuş enjamlaryna, sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän döwrebap we iň täze ýaraglaryň beýleki görnüşlerine aýratyn orun berildi. Siziň watanperwerligiňiz, merdanalygyňyz, batyrlygyňyz, hünär ussatlygyňyz ýurt parahatçylygynyň binýadydyr, türkmen halkynyň abraý-mertebesidir. Biz geljekde-de Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmaklaryna, olaryň harby sungatyň täze, öňdebaryjy usullaryny özleşdirmeklerine aýratyn üns berip, bu ugurda ähli mümkinçilikleri dörederis.

Merdana Watan goragçylary!

Watan mert pederlerimiziň bize miras goýan mukaddesligidir. Çünki şöhratly ata-babalarymyz ata Watanymyzyň berkarar bolmagy ugrunda gahrymançylyk görkezip, türkmeniň adyny taryhyň sahypalaryna öçmejek harplar bilen ýazmagy başardylar. Şoňa görä-de, gaýratly pederlerimiziň watanperwerlik mekdebini dowamata atarmak, olaryň watansöýüjilik, edermenlik ýoluna wepaly bolmak her bir türkmen perzendi üçin belent mertebedir. Siz hem geljekde halkymyzyň lebzihalallyk, mertlik, pespällik ýaly belent häsiýetlerini özüňizde jemläp, watanperwer gerçekleriň dowamatydygyňyzy äleme jar etmelisiňiz. Taryhda öçmejek yz galdyran merdana şahsyýetlerimiziň edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk ýörelgelerini özüňize nusga edinip, parasatly pederlerimiziň şöhratyny arşa götermelisiňiz, häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna ýokary derejede erk edip, Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezmelisiňiz.

Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!

Häzirki wagtda harby ýokary okuw mekdeplerinde diňleýjileri, harby talyplary okatmagyň döwrebap usullaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa döwletimiz tarapyndan ýurt goragçylarynyň ýokary hünär taýýarlygyna, çuňňur bilim almagyna gönükdirilýän tagallalaryň netijesidir. Çünki eziz Diýarymyzyň parahat durmuşynyň goragy häzirki zaman bilimlerinden hem-de türkmen milli söweş sungatyndan baş çykarýan ylym-bilimli harby hünärmenleriň ýokary taýýarlygyna baglydyr. Şu maksatlardan ugur alyp, biz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binýadynda raýat goranyşy fakultetini açdyk, ýokary okuw mekdeplerini sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda döwrebaplaşdyrdyk. Harby ýokary okuw mekdeplerinde Watan goragyna ykbalyny baglan, pederleriň mertlik mekdebine wepaly, harby işe bütin durky bilen berlen, harby tehnikalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hem-de söweşjeň endikleri özleşdirýän ussat serkerdeleri, harby hünärmenleri taýýarlamakda serkerde-mugallymlara aýratyn uly jogapkärçilik düşýär. Siziň bu jogapkärli wezipäni geljekde hem uly abraý bilen berjaý edip, çuňňur ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ýokary ahlakly, beden taýdan sagdyn, Watanymyza wepaly ýaşlary ýetişdirmekde gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly uçurymlar!

Siziň ähliňizi ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.