Ï Türkmenistanyň we Astrahanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Astrahanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim hyzmatdaşlygy

view-icon 1407
Türkmenistanyň we Astrahanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim hyzmatdaşlygy

Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Aleksandr Newalýonnyý Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny ýakyn wagtda ADTU-da geçiriljek Hazarýaka ýurtlaryň uniwersitetleri we ylmy-agtaryş merkezleri bileleşiginiň nobatdaky Baş Assambleýasyna, talyplary bolsa «Hazar oýunlary» uniwersiadasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Çakylyk Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň başlygy Gadam Ilamanow bilen bolan duşuşykda yglan edildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Astrahanyň ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň arasynda indiki hyzmatdaşlygyň ösüşini, hünärmenleri, hususan-da, balyk hojalygy we nebit-gaz pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistandan Hazar deňzi ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy agtaryş edaralarynyň jemgyýetçilik bileleşigini esaslandyryjylaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem bar.

Ýaşlary we talyplary Hazar deňzi meselelerini çözmäge çekmek, olary Assosiasiýa tarapyndan yglan edilen maksatlar we adamkärçilikli ýörelgeler esasynda birleşdirmek Assosiasiýa üçin möhümdir. Şu ýyl Astrahanda geçiriljek «Hazar oýunlary» uniwersiadasyna Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan 600 töweregi sportçynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistany Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebiti bilen bilim pudagynda dowam edýän uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Hyzmatdaşlyk ylalaşyklary Türkmenistanyň olar bilen bilelikde ylmy işler alnyp barylýan bäş bilim edarasyna dahyllydyr. Türkmen-rus ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň geljegine aprel aýynyň ahyrynda bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary wagtynda garaldy. Aleksandr Amanow Hazarýaka ýurtlaryň uniwersitetler we ylmy agtaryş merkezleriniň bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň iş meýilnamasyna gatnaşmaga çakylyk aldy.