Ï Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýubileý markalary BPB-nyň muzeýinde ýerleşdirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýubileý markalary BPB-nyň muzeýinde ýerleşdirildi

view-icon 2183
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýubileý markalary BPB-nyň muzeýinde ýerleşdirildi

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapynyň çykaran ýadygärlik ýubileý markalarynyň nusgalary Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) Baş direktory Masahiko Metokä gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.  

BPB-nyň çözgüdine laýyklykda, agzalan markalaryň nusgalary Bern şäherindäki Bütindünýä poçta bileleşiginiň muzeýinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) hemişelik esasda ýerleşdirildi.

Mundan başga-da, Bileleşigiň çözgüdi bilen, ýubileý markalaryň nusgalary BPB-nyň ähli agza döwletlerine – dünýäniň 192 ýurduna iberildi.