«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli höwesjeň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, mugallymlary we talyplary ýaşlaryň döredijilik ylhamynyň baýramyna gatnaşdylar.
«Talyp joşguny» festiwaly her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. Çäre zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, sungata höwesini ýokarlandyrmaga we milli medeniýeti giňden ýaýmaga gönükdirilendir.
Döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary we maý aýynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Festiwala gatnaşyjylar tomaşaçylara we janköýerlere sungatyň dürli görnüşlerinde – saz çalmakda, aýdym aýtmakda, tans etmekde, folklor, sahna çykyşlarynda we ş.m. ugurlarda öz ussatlygyny görkezdiler.