Ï Türkmenistanly kuraş ussatlary Eýranda geçirilen Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly kuraş ussatlary Eýranda geçirilen Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar

view-icon 3037
Türkmenistanly kuraş ussatlary Eýranda geçirilen Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar

Türkmen pälwanlary Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen Kuraş boýunça 13-nji Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar.

Çempionata 20 döwletden 200 töweregi pälwanlar gatnaşyp, erkekleriň we zenanlaryň arasynda dürli agram derejesinde yklymyň iň güýçli türgeni ady ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanyň toparyna 14 türgen wekilçilik etdi, olaryň 11-si 1 altyn we 10 bürünç medal gazandylar.

Toparymyzdan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň bedenterbiýe we sport Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa 48 kilogram agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rozymeňli Meýmanowa (52 kilogram agram derejesinde), Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurana Hezretowa (63 kilogram agram derejesinde), Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa (78 kilogram agram derejesinde) we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Nursoltan Erniýazowa (87 kilogram agram derejesinde) bürünç medal eýelediler.

Erkekleriň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Serdar Babamyradow (60 kilogram agram derejesinde), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Döwlet Hemragulyýew (66 kilogram agram derejesinde), Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň esgeri Mekan Pardabaýew (73 kilogram agram derejesinde), Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow (81 kilogram agram derejesinde), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Ylham Kemalow (90 kilogram agram derejesinde) we Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Işanmyrat Ataýew (100 kilogram agram derejesinde) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Tähranda geçirilen Aziýa çempionatynda ildeşlerimiziň gazanan üstünliginde ýurdumyzyň zenanlar we erkekler milli ýygyndy toparlarynyň tälimçileri, Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şirin Kubaýewanyň we Dörtguly Tejenowyň hyzmaty uludyr. Olaryň ýolbaşçylygynda geçen ýyl Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dünýä çempionatynda türkmen kuraş ussatlary 15 kilogram agram derejesinde 15 medal – 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç eýelediler.