Ï «Ekologiýa babatda arzuwyňyzy wysal ediň!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ekologiýa babatda arzuwyňyzy wysal ediň!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 2119
«Ekologiýa babatda arzuwyňyzy wysal ediň!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Aşgabatda türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilen «Ekologiýa babatda arzuwyňyzy wysal ediň!» atly ekologiýa taslamasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. 

«Ýaş tebigatçy» Jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýla Şyhmadowanyň ýolbaşçylygynda başlanan bu bäsleşik ýaşlaryň ünsüni daşky gurşaw meselelerine çekmäge we geljekki hünärmenleriň ekologiýa meselelerini çözmäge gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň we ekologiýa hereketleriniň wekilleri bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamaga geldiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howanyň meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow çärä gatnaşyjylara ruhlandyryjy sözleri aýtdy.

Çäräniň dowamynda ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işläp taýýarlan taslamalary bilen tanyşdyryldy. Ýaş tebigatçy guramasynyň wekili Şirin Jojyýewanyň belleýşi ýaly, bäsleşige 30-dan gowrak iş teklip edildi. Emin agzalary taslamalara wajyplygy, innowasionlygy we ähmiýeti babatda baha berdiler. Netijede iň gowy üç iş kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gadyr Orazberdiýewe «EKOmat» taslamasy üçin birinji orun berildi. Ol şu uniwersitetiň elektronika fakultetiniň ikinji ýyl talyby Rahym Garrybaýew bilen bilelikde plastik çüýşeleri kabul edýän terminal döretmek boýunça iş alyp bardy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Gülälek Allagulyýewa kaliforniýaly gurçuklarynyň kömegi bilen boigumusyň emele gelmegini çaltlandyrmak üçin plastik paketleriň dargamak usulyny teklip etdi. Onuň işi ikinji orny eýeledi.

Üçünji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sähet Saryýewiň 3D printeri üçin «Eko-plastik» taslamasyna berildi.

Ýeňijilere taslamasyny durmuşa geçirmek üçin pul şahadatnamalary gowşuryldy.