Ï Magtymguly Pyragy barada her kimiň öz pikiri bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragy barada her kimiň öz pikiri bar

view-icon 4188
Magtymguly Pyragy barada her kimiň öz pikiri bar
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açyldy. 

Türkmen suratkeşleriniň 215 sany eserleri merkeziň iki gatyny eýeledi. Olaryň arasynda, däp bolşy ýaly, türkmen halkynyň söýgüli ogly hakda gürrüň berýän žiwopis işleri, şeýle hem Magtymguly temasyny has gowy açýan grafika, heýkeltaraşlyk eserleri, şaý-sepler we haly önümleri agdyklyk etdi. Merkeziň ikinji gatyna çykan her bir tomaşaçy sergide esasy orny eýeleýän Zakirjan Babaýewiň ullakan (3x5 metr) işine haýran galdylar. Surat serginiň adyna muwapyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylýar. Oňa «surat içindäki surat» diýse-de boljak. Onuň iki baş gahrymany bar: Magtymguly Pyragy we oglanjyk – tomaşaçy, ol suratdaky şahyra siňňin, bilesigelijilik bilen seredýär. Awtoryň Magtymguly Pyragyny Türkmenistanyň her bir raýatynyň özüçe düşünmegini islän bolmagy mümkin. Bu oglanjyk üçin şahyryň keşbine seredeninde şeýle pursat döredi.

Sergi merkeziniň garşysynda Berdiguly Amansähedowyň «Kimsiň, Magtymguly Pyragy?» suraty ünsi özüne çekdi. Biziň düşünişimize görä, bu surat köp manyly, türkmenleriň durmuşyny görkezýän haly nagşyna meňzedýär, akdyr gara zolaklara bölünmegi gije-gündizi, wagty ýa-da bakylygy aňladýar.

Ýene bir surat syrlylygy bilen bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Hojamuhammet Çaryýew eserini ençeme yşaratlar bilen tapmaça öwüripdir. Azat Taganowyň «Magtymguly» atly abstrakt usulda çekilen işi hem özüneçekiji. Ondaky esasy zat notalarda görkezilen saz düzümidir. Azat Taganowyň tomaşaça teklip eden meselesini şeýleräk çözse bolar: adamlar Magtymguly Pyragy hakda aýdymlar düzýärler, şahyryň dana pikirlere ýugrulan kitaplary halkyň ýüregini eýeledi, türkmeniň nebereleri hemişe onuň zehininiň öňünde baş eger.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan öňki serginiň şahyryň goşgularyndan we olara bezeg surat eserlerinden ybaratdy. Onda bar zat düşnükli we aýandy. Bu sergidäki işleriň aglabasy durşuna syr bolup dur. Onuň çözgüdini tapjak bolsaň her suratyň ýanynda ep-esli wagt eglenmeli bolýar. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» sergisi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanandygyny bellemek gerek. Şeýlelik bilen sergide suratkeşleri hünär baýramçylygy bilen hem gutladylar.