Ï Hasyly ýygnamak ýokary depginde alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyly ýygnamak ýokary depginde alnyp barylýar

view-icon 2546
Hasyly ýygnamak ýokary depginde alnyp barylýar

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýokary depginlerde ýeralmany ýygnamagy dowam etdirýärler. Boldumsaz etrabynda ýetişdirilen hasylyň umumy meýdanynyň eýýäm ýarysyndan gowragy ýygnaldy. Bu ýerden şu ýyl ýigrimi bäş müň tonna ýeralma ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýeralmany has köp öndürýän Akdepe etrabynda-da hasyl ýokary depginlerde ýygnalýar. Bu ýerde häzire çenli şu möwsümde meýilleşdirilen 48 160 tonna ýeralmanyň altmyş iki göteriminden gowragy ýygnaldy. Ýeralma ýetişdirmekde köp tejribe toplan «Şawat» we N.Andalyp adyndaky daýhan hojalyklarynyň daýhanlary öňde barýarlar.

Şu ýyl azyndan 123 müň 200 tonna gymmatly oba hojalyk önümini ýygnamak meýilleşdirilýän Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda ýeralma ýygnamak ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ýetişdirilen bol hasyl bilen birlikde ony ýygnamak çäreleriniň ýokary derejede guralmagy we ýöriteleşdirilen tehnikalardan netijeli peýdalanylmagy muňa ýardam edýär. Welaýatda şu möwsümde ýeralmany sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly, orta hem-de irki görnüşlerinden ýetişdirildi.