Ï Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 3103
Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly dowam edýär

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15-nji iýunynda Balkan welaýatyna bolan iş sapary zähmetsöýer gallaçy daýhanlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatyň gallaçylarynyň alyp barýan işleri, halkymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän tebigy taýdan arassa önümler bilen bol üpjün etmekde gazanýan üstünlikleri, bugdaýyň hasyllylygy bilen tanyşmagy ýer eýeleriniň buýsançly başlaryny belende göterdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Günbatar sebitiň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary, doganlar Annaguly, Aşyrguly Annagulyýewler bilen özara söhbetdeşliginde hem pudagy mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky döwletli aladalar mynasyp beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň iş saparynda galla meýdanynyň bereketli hasylyny ýygnamaga badalga bermeginden hem-de agrar toplumyň okgunly ösüşini üpjün etmekdäki çäksiz möçberli aladalaryndan ruhlanan ekerançylar orak möwsümini gowşamaýan depginlerde alyp barýarlar. Olar şu ýyl 50 müň gektar meýdandan azyklyk ak bugdaýyň 80 müň tonnasyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şu günlerde bolsa welaýatda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen üstünlikli berjaý edýän kärendeçi daýhanlaryň, önüm öndürijileriň hatary barha artýar.

Guşgursak dänäni ösdürip ýetişdirijiler bolan welaýatyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynyň Garagum derýasynyň boýundaky ekin meýdanlary-da häzirki wagtda işleriň hasam gaýnap-joşýan ýerine öwrüldi. Gyzgalaňly barýan galla oragynda ajaýyp zähmet ýeňişleriniň yzygiderli gazanylmagynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň «John Deere», «СLAAS» kysymly kombaýnlarynyň mynasyp hyzmatlary bar. Welaýatda ýokary öndürijilikli däne orujy bu kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň, ulaglaryň saz we bökdençsiz işlemekleri üçinem ähli zerur tagallalar edilýär. Munuň üçin düzüminde tejribeli hünärmenler, bejeriji ussalar, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 16-sy hereket edýär. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, zerur ätiýaçlyk şaýlary bilen kemsiz üpjün edilen göçme toparlar gije-gündiziň dowamynda zähmet çekýärler.

Kuwwatly kombaýnlaryň bunkerlerinden agdarylýan guşgursak dänäni «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat, Bereket etrap galla kabul ediş kärhanalaryna çalt we ýitgisiz daşamakda-da degişli awtoulaglaryň dowamly hereketleri üpjün edilýär.

Welaýatda bugdaýy orlan meýdanlaryň samanyny dessine ýygnamak işleri-de guramaçylykly ýola goýlupdyr. Şeýle bolansoň hasyldan boşan ýerleriň sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýar.