Ï Ulag pudagynyň hünärmenleri Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky täzelikler bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag pudagynyň hünärmenleri Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky täzelikler bilen tanyşdylar

view-icon 1654
Ulag pudagynyň hünärmenleri Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky täzelikler bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Türkmenbaşy halkara deňiz portunda «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, Balkan welaýatynyň «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň, Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň agzalarynyň we başga-da birnäçe halkara ýük daşamalary amala aşyrýan ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de gümrük dellallarynyň hünärmenleri bilen duşuşyk geçirdiler.

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky soňky üýtgetmeler ygtyýarly ykdysady operator derejesini almak tertibine we deslapdan habar beriş düzgünlerine degişlidir.

Ýuridik şahslary ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna goşmak we ondan çykarmagyň tertibi, şeýle hem hasaba alyş şahadatnamalaryny bermek, olaryň güýjüni togtatmak we täzeden dikeltmek düzgünleri şu ýylyň mart aýynda tassyklanyldy. Duşuşyga gatnaşanlara ygtyýarly ykdysady operator derejesini bermegiň we ondan mahrum etmegiň şertleri barada jikme-jik maglumat berildi, şeýle hem onuň işiniň talaplary düşündirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistana getiriljek harytlar barada, olar gelmezden ozal, deslapdan maglumat bermegiň düzgünleri bilen-de tanyşdylar. Düzgünler 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girdi, şoňa laýyklykda, ýük daşaýjylar harytlar barada Türkmenistanyň çägine getirilmezden ozal maglumat berip bilerler. Deslapky maglumatlar «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamy we TIR-EPD ulgamy arkaly türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde berlip bilner.