Ï 20 ýaşa ýetmedik ýaşlar ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriljek CAFA-2024 çempionatynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

20 ýaşa ýetmedik ýaşlar ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriljek CAFA-2024 çempionatynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri belli boldy

view-icon 790
20 ýaşa ýetmedik ýaşlar ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriljek CAFA-2024 çempionatynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen 5–13-nji iýul aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Jelalabat şäherinde 20 ýaşa ýetmedik ýaşlar ýygyndy (U20) toparlarynyň arasynda geçiriljek Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynyň birinji tapgyrynda duşuşarlar.

Bu ýaryşda 2-ä bölünen 6 topar bäsleşer.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary we garşydaşlary «B» toparçada, «A» toparçada bolsa Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň ýaşlar ýygyndy toparlary bäsleşerler.

Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, toparlaýyn tapgyrda toparlar bir aýlawda oýnar. Soňra toparlaryň ýeňijileri finalda duşuşarlar. Toparçalarda ikinji orny eýelän toparlar bürünç medallar ugrunda bäsleşer. Şeýle hem bäşinji we altynjy orunlar üçin teselli oýny bolar.

CAFA U20 çempionatynyň ähli oýunlarynda eminler üçin wideo kömekçi ulgamy (VAR) ulanylar.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary bu ýaryşa gatnaşmagy U20 toparlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryna taýýarlyk hasaplanylýar. «I» toparçadaky türkmen futbolçylary üçin saýlaw ýaryşy 25–29-njy sentýabr aralygynda Bişkekde geçiriler. Şonda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň garşydaşlary Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň we Mýanmanyň ýygyndy toparlary bolar.