Ï «Тürkmengazüpjünçilik» birleşigi täze ýaşaýyş jaýlara gaz çekýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Тürkmengazüpjünçilik» birleşigi täze ýaşaýyş jaýlara gaz çekýär

view-icon 1248
«Тürkmengazüpjünçilik» birleşigi täze ýaşaýyş jaýlara gaz çekýär

Daşoguz welaýatynda oba ýerlerindäki täze ýaşaýyş jaýlary gaz bilen üpjün etmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Görogly etrabynyň «B.Öwezow» geňeşligindäki obalarda orta basyşly täze gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär.

Täze geçirijiniň umumy uzynlygy bir kilometre barabardyr. Häzirki wagta çenli bu ýerde desganyň tutuş uzynlygyna golaý turbalar çekildi. «Ýagtylyk» geňeşligindäki Yzmykşir obasynda içerki ulgamlaryň gurluşygy-da hut şunuň ýaly ýokary depginde alnyp barylýar. Ol ýere ozal uzynlygy 900 metr bolan orta basyşly gaz geçirijisi çekilipdi.

Ýaşaýyş jaý gurluşygy bilen bir hatarda şunuň ýaly zerur, şol sanda sarp edijileri gaz bilen üznüksiz üpjün edýän gaz desgalaryň gurulmagy ilatyň ýaşaýyş şertlerini maksada laýyk gowulandyrmaga gönükdirilen hökümet maksatnamalarynda göz öňünde tutulypdyr. Özi-de, şunuň ýaly gaz desgalary gurlanda, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berilmek bilen, işler ýurdumyzyň uglewodorod baýlyklaryny netijeli we tygşytly ulanmak boýunça degişli ülňülere we talaplara berk laýyklykda alnyp barylýar.

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-Gurnama müdirliginiň hünärmenleri täze gaz desgalaryň gurluşygynda diňe ýokary geçirijiligi we könelmezlik häsiýeti bilen tapawutlanýan dürli diametrli ýokary hilli turbalary ulanýarlar. Olar şu ýyl Daşoguz welaýatynda dürli basyşly täze gaz geçirijileriniň 60 kilometrini gurmagy meýilleşdirýärler.