Ï Paýtagtymyzda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet akademiki simfoniki orkestri mähirli garşylandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet akademiki simfoniki orkestri mähirli garşylandy

view-icon 3397
Paýtagtymyzda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet akademiki simfoniki orkestri mähirli garşylandy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Tatarystan Respublikasynyň Döwlet akademiki simfoniki orkestri konsert berdi.

Tomaşaçylar Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň halk artisti, orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory professor Aleksandr Sladkowskini sahnada el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konsert Dmitriý Şostakowiçiň «Baýramçylyk dabarasy» we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly ajaýyp iki eseri bilen başlandy. Zaldaky tomaşaçylaryň arasynda oturan meşhur türkmen dirižýorlary Resul Gylyjow, Röwşen Nepesow, Tahyr Ataýew, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary daşary ýurtly sazandalaryň ussatlygyna ýokary baha berdiler.

Konsertde nusgawy eserler, Kamil Sen-Sansyň «Samson we Dalila» operasyndan bölekler, Aleksandr Borodiniň «Knýaz Igor» operasyndan, Pýotr Çaýkowskiniň «Garpamyk» ertekisinden «Wäşiler tansy» we beýleki eserler ýerine ýetirildi.

Şadyýan, joşgunly tatar halk aýdymlary tomaşaçylary özüne maýyl etdi.

Simfoniki orkestr Aleksandr Çaýkowskiniň «Tamerlan düşelgesi» eserini özboluşly ýerine ýetirdi. Aleksandr Sladkowskiniň yşaraty bilen eseriň urlup çalynýan saz gurallarynda ýerine ýetirilýän böleklerine diňleýjiler el çarpyşmalar bilen goşuldylar.

Tatarystanly myhmanlar konserti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly dabaraly odasy bilen jemlediler. Tomaşaçylar ör turup, bu aýdyma goşuldylar.

Aleksandr Sladkowskiý tomaşaçylara ýüzlenip:

– Işime görä, men gürlänimden, köp dymýaryn. Şeýle bolsa-da, aşgabatly tomaşaçylara, bizi şeýle mähirli garşylandyklary üçin, şeýle hem bu konserti gurnamaga kömek edenleriň hemmesine hoşallyk bildirýärin. Goý, ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary gülläp össün! – diýdi.