Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

view-icon 1936
Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Diýarymyzyň birnäçe welaýatlarynda hepdäniň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Aşgabatda az kem bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gijelerine +22... +24 gradusdan +27... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +36 gradus maýyldan +40... +42 gradusa çenli yssy bolar.

Ahal welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +38... +43 gradusa çenli yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +37... +42 gradusa çenli yssy bolup, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +19...+24 gradusdan +23... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradusa çenli yssy bolar.

Lebap welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +31... +36 gradusdan +37... +42 gradusa çenli yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +17... +22 gradusdan +22... +27 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +36… +41 gradusa çenli yssy bolar.

Yssy günlerde Gün urma howpundan goranyň, onuň täsirini çäklendirmäge synanyşyň! Munuň üçin ýeterlik möçberde suw içmegi we daşary çykanyňyzda göni Gün şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmegi we saýawanly çykmagy unutmaň!