Ï Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar

view-icon 3779
Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar

Meşhur halkara grossmeýsteri Wasiliý Iwançuk sentýabr aýynda Budapeştde (Wengriýa) geçiriljek 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görmek üçin Türkiýäniň Antaliýa şäherinde türgenleşik ýygnanşygyny geçýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň okuw-türgenleşigine ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna habar bermeklerine görä, türgenleşik ýygnanşygyna ussat küştçüler gatnaşýarlar. Olaryň arasynda halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew, halkara ussady Saparmyrat Atabaýew, zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony Merýem Agajanowa, 2023-nji ýylyň çempiony, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Lala Şöhradowa, onuň uýasy Leýla Şöhradowa we beýlekiler bar.

Okuw-türgenleşik maksatnamasy türkmen küştçüleriniň has gowşak taraplaryny gowulandyrmak üçin düzüldi, olar tejribeli halypanyň ýolbaşçylygynda küşt ussatlygynyň ähli taraplaryny güýçlendirip bilerler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler topary hem türgenler bilen bilelikde türgenleşik ýygnanşygynda ussatlygyny ýokarlandyrýarlar.

Wasiliý Iwançuk dört gezek küşt olimpiadasynda, iki gezek SSSR-iň toparynyň hatarynda (1988, 1990) we iki gezek Ukrainanyň ýygyndysy bilen (2004, 2010) ýeňiji boldy, 2001-2002-nji ýyllarda FIDE dünýä çempionatynyň finalçysy, çalt oýnamakda (2016) boldy we blisde (2007) dünýäniň çempiony boldy, üç gezek (1991-nji ýylyň iýuly, 1992-nji ýylyň iýuly we 2007-nji ýylyň oktýabry) dünýä görkezijisinde ikinji orny eýeledi.

Türk tälimçisi, halkara ussady Okan Ozsakallioglu hem türkmen küştçüleriniň, hususana-da, zenanlar toparyny taýýarlamaga gatnaşýar. Çäräni halkara ussady Melih Ýurtseweniň ýolbaşçylygynda Türkiýedäki «Satranc365» professional küşt akademiýasy gurady.

Taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň erkekler topary türgenleşik ýygnanşygynyň guramaçylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Toparymyzdan Saparmyrat Atabaýew, sport ussatlygyna dalaşgär Amanmuhammet Hommadow, zenanlar toparynyň tälimçisi, sport ussatlygyna dalaşgär Şahruh Turaýew we erkekler toparynyň tälimçisi, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew çykyş etdiler. Wasiliý Iwançuk, Okan Ozsakallioglu, Melih Ýurtsewen we garşydaşlaryň düzümini has-da güýçlendirmek maksady bilen, Meýlis Annaberdiýew guramaçylaryň hatarynda oýnadylar. Çalt şertlerde oýnalan iki döwde toparymyz 5,5: 2,5 hasabynda ýeňiş gazandy.

Wengriýanyň paýtagtyndaky küşt olimpiadasy 2024-nji ýylyň 11–23-nji sentýabry aralygynda geçiriler. Ozal Budapeşt 1926-njy ýylda resmi däl derejede ýaryş geçiripdi.