Ï Aşgabatda 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli sergi açyldy

view-icon 3618
Aşgabatda 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli sergi açyldy

Parižde 2024-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja gün galanda Türkmenistandaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda «Les Elles des Jeux» («Zenanlar Olimpiýa oýunlarynda») atly sergi açyldy.

Nissanyň Milli sport muzeýiniň sergisiniň bir bölegi halkara sport taryhynda abraýly orny eýelemegi üçin onlarça ýyllap erjel zähmet çekip, yhlas siňdirip, göreşi bilen Olimpiýa hereketi dünýäsinde ykrar edilen zenan türgenleriň durmuşy barada gürrüň berýär.

Sergide 130 ýyldan gowrak wagtda zenanlar sport hereketiniň ösüşi, 1922-nji ýylda Bütindünýä zenanlar oýunlaryny döreden Alisa Miýo, şeýle hem tanymal fransuz we daşary ýurtly, şol sanda Kristin Karon, Mari-Žoze Perek, Lor Manadu, Klariss Agbenenu, Simona Baýlz ýaly türgenleriň üstünlikleri we ýeten derejeleri beýan edilýär.

Şol edermen zenanlar gazanan üstünlikleri we yhlasy bilen sportda gender deňliginiň ösmegine goşant goşdular.

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň türgenleriň arasynda gender deňligine doly eýeriljek ilkinji ýaryş boljakdygyny bellemek gerek. Halkara olimpiýa komiteti (HOK) Fransiýanyň paýtagtynda ilkinji gezek erkek we zenan türgenleriň sanynyň deň boljakdygyny tassyklady.

Medeni Olimpiadanyň bir bölegi bolan Aşgabatdaky «Les Elles des Jeux» sergisine her kim baryp biler.

Sergi sentýabr aýyna çenli açyk we «Nadar» galereýasynda her gün sagat 09:00-dan sagat 20:00-a çenli açyk bolar. Giriş tölegsizdir.

Fransuz institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesiniň 69-njy jaýy.