Ï Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

view-icon 3974

2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýasin Ekrem Serimyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek nukdaýnazaryndan gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselesi boýunça pikir alyşyldy.

Bulardan başgada, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.