Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy – 2024 ýaryşynyň bije atyşlygy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy – 2024 ýaryşynyň bije atyşlygy boldy

view-icon 7017
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy – 2024 ýaryşynyň bije atyşlygy boldy
camera-icon
tff.com.tm

Şu gün paýtagtymyzda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky 33-nji bäsleşigiň bije atyşlygy geçirildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy gatnaşar. 

Olaryň üçüsi – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlary paýtagtymyza, «Nebitçi» topary Balkanabada, «Şagadam» topary Türkmenbaşa – Balkan welaýatyna, «Merw» we «Energetik» toparlary Mary welaýatyna, «Ahal» topary adybir welaýata, Türkmenistanyň häzirki çempiony we kubogynyň eýesi «Arkadag» topary bolsa döwlet ähmiýetli adybir şähere degişlidir.

Bije atyşlyk Mary welaýatynyň «Energetik» toparyny, Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny we «Aşgabat» toparyny ýurdumyzyň iň gowy topary bolan «Arkadag» topary bilen ýaryşyň başynda goýdy.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy – 2024 ýaryşy 11-nji awgustda deslapky tapgyr bilen başlar, bu ýaryşda geçen ýylky milli çempionatyň iň pes oýnan iki topary «Merw» (Mary) we «Şagadam» (Türkmenbaşy) toparlary duşuşarlar. Bu garşydaşlaryň ilkinji duşuşygy 11-nji awgustda Mary welaýatynda, jogap oýunlary bolsa 14-nji awgustda Türkmenbaşyda geçer. Bu ýaryşyň ýeňijisi çärýek finalda «Altyn asyr» topary bilen duşuşar.

Galan çärýek final oýunlarynda şu toparlar duşuşarlar: «Arkadag» – «Energetik», «Nebitçi» – «Aşgabat», «Ahal» – «Köpetdag». Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda sanawda ilkinji görkezilen toparlaryň meýdançalarynda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarym finalyň birinji duşuşyklary 12-13-nji sentýabrda geçiriler. Ýarym final we final duşuşyklarynyň senesi soň kesgitlener.