27-nji iýulda Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryş başlandy, oňa bäş yklymyň 122 ýurdundan 378 (192 erkek we 186 zenan) türgen erkekleriň arasynda ýedi we zenanlaryň arasynda ýedi agramda 14 medallar toplumy ugrunda bäsleşerler.
Sportuň şu görnüşinde Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan, dzýudo dünýäsinde eýýäm ýetişen we tanymal türgenler Pariž – 2024 Olimpiýa oýunlarynda wekiliýetimiziň 20 ýaşly baýdak göterijisi Serdar Rahymow we 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa Türkmenistana wekilçilik edýärler.
Soňky iki ýylda Serdar Rahymow iri halkara ýaryşlarynda alty medal gazandy, şol sanda «Uly tuwulga» dünýä ýaryşlar tapgyrynyň Täjigistanda geçirilen «Dushanbe Grand Slam 2024» atly abraýly ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji altyn medal gazandy. Maýsa Pardaýewa bolsa Olimpiýa saýlama tapgyrynyň halkara ýaryşlarynda 7 medal gazandy, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde geçirilen XIХ tomusky Aziýa oýunlarynda we Türkiýede geçirilen «Antalya Grand Slam 2024» ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.
2024-nji ýylyň Pariž Olimpiýa oýunlarynda türkmen dzudoçysy Serdar Rahymow 28-nji iýulda ýaryşa girişer. Ol 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder, ýaryşda 27 dzýudoçy medal ugrunda bäsleşer. Bijäniň netijelerine görä, birinji tapgyrda dzýudoçymyz 27 ýaşly Afrikanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, Luanda şäherinde geçirilen Afrikanyň açyk ýaryşynyň iki gezek ýeňijisi, angolaly Edmilson Pedro bilen tutluşar. Ony ýeňse, Serdar Rahymow Willian Lima (Braziliýa) bilen Sardor Nurillaýewiň (Özbegistan) arasynda boljak göreşde üstün çykan türgen bilen tutluşar.
Maýsa Pardaýewa 29-njy iýulda 57 kilograma çenli agram derejesinde 28 dzýudoçynyň tutluşjak Olimpiýa bäsleşigine gatnaşar. Ol birinji tutluşykda 2023-nji ýylda Warşawa şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň, 2023-nji ýylda Gazagystanda geçirilen «Uly tuwulga», 2023-nji ýylda Duşenbede geçirilen Naýbaşy Baýrak we 2024-nji ýylda Gonkong şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi 29 ýaşly hytaýly Saý Si garşy çykar. Maýsa Pardaýewa onuň bilen öňem üç gezek tutluşypdy. Geçen ýylyň mart aýynda Tbilisi şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» halkara ýaryşynda hytaýly türgen ýeňiş gazandy. Hançžou şäherinde geçirilen XIХ tomusky Aziýa oýunlarynda we Türkiýede geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda bürünç medal ugrundaky bäsleşigiň iki tutluşygynda ildeşimiz üstün çykdy.
2019-njy ýyldan bäri Welmyrat Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Dzýudo Federasiýasy göreşiň bu olimpiýa görnüşini ösdürmekde uly üstünlik gazandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen 2023-nji ýylda sportuň bu görnüşinde tanymal ýapon hünärmeni Kazuhiko Tokuno dzýudoçylarymyzy iri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak üçin Türkmenistanda işlemäge çagyryldy. Ol 1995-nji ýylda Nýu-Delide Aziýanyň çempiony, 1998-nji ýylda bolsa Bangkok şäherinde geçirilen XIII tomusky Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Dünýä çempionatlarynda iki gezek, 1999-njy ýylda Birmingemde – kümüş, 2001-nji ýylda Mýunhende – bürünç medal gazandy.
Kazuhiko Tokuno ýaryşlara gatnaşmasyny goýandan soň, Ýaponiýanyň ähli ýaşdaky zenanlar ýygyndy toparlaryna, şeýle hem Komasu toparyna tälimçi hökmünde ýolbaşçylyk etdi. 2011-nji ýylda Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) ony zenanlar toparynyň halypalarynyň arasynda iň gowy tälimçi diýlip ykrar etdi. Tanymal tälimçi dünýä çempionatlarynda, Olimpiýa oýunlarynda, Bütindünýä Uniwersiadalarynda, Aziýa çempionatlarynda, Aziýa oýunlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda medal gazanan türgenleriň birnäçesini taýýarlady.
Indi Kazuhiko Tokuno Türkmenistanda netijeli işleýär we ýurdumyzyň dzýudo mekdebine dünýä derejesinde abraý getirýär. Hançžou şäherinde (Hytaý) geçirilen XIХ tomusky Aziýa oýunlarynda, Zangrebde (Horwatiýa) kadetleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, Daşkent şäherinde (Özbegistan) kadetleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda, Belarus Respublikasyndaky GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda we «Uly tuwulga» dünýä ýaryşlar tapgyryndaky Tokioda, Antalýada, Duşanbede geçirilen has abraýly ýaryşlarda ýaponiýaly tejribeli dzýudo ussadynyň ýolbaşçylygynda türkmen türgenleriniň gazanan uly üstünlikleri munuň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Dzýudo Federasiýasynyň 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyga ýardam bermegi bilen diňe soňky sekiz aýda türkmen dzýudoçylary iri halkara ýaryşlarynyň 15-sine gatnaşdylar we Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň birnäçesinde, şol sanda Ýaponiýada ykrar edilen dzýudo merkezleri – Tokaý uniwersiteti we dzýudony esaslandyran Dzigoro Kanonyň döreden Kodokan Institutynda birnäçe okuw-türgenleşigini geçirdiler. Bu tagallalaryň netijesinde Serdar Rahymow bilen Maýsa Pardaýewa dört ýyllygyň esasy ýaryşynda medal ugrunda ilkinji gezek mümkinçilik döreden dünýädäki meşhur sportda iki sany Olimpiýa ygtyýarnamasyna mynasyp boldular.
Türgenlerimize Parižiň Olimpiýa meýdançalarynda üstünlikler arzuw edýäris!