Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungaty ösdürmek, ony has-da kämilleşdirmek hem-de bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek barada durmuşa geçirilýän bimöçber işler ýaş nesliň kalbynda halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna söýgi hem buýsanç duýgularyny artdyrýar. Muňa bolsa döwletli Diýarymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly telebäsleşiginiň çäklerinde her ýylda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» atly bäsleşik hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Uly buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasyna öwrülen abraýly bäsleşigiň Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp seýilgähde welaýat derejesinde geçirilen jemleýji tapgyr aýdym-saz sungatyna muşdak zehinli ýaşlaryň ýylsaýyn barha köpelýändiginiň açyk-aýdyň güwäsine öwrüldi. Baýramçylyk görnüşine beslenip, gijäni gündizlige öwürýän, dürli öwüşginli owadan yşyklar bilen bezelen merkezde guralan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyryna onuň etrap-şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp, baý many-mazmunda, egsilmez ruhy joşgunda dowam eden bäsleşik aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk ösüşlere besläp, naýbaşy derejä çykaran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalaryndan ruhlanan balkanly ýaş estrada aýdymçylary bu aýdym-saz bäsleşigine has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar bu ýerde köp sanly tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde çykyş edip, özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini ussatlyk bilen açyp görkezmegi başardylar. Ýaş estrada aýdymçylarynyň buýsançly çykyşlarynda hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mizemez Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ýokary üstünlikleri, bütin älem içre meşhur bolan ägirt uly işleri, dost-doganlygy, ruhubelent durmuşymyzy wasp eden mahmal owazly, joşgunly estrada we halk aýdymlary ýaňlandy. Olaryň her biriniň buýsançly çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyryp, bu ýere gelen aýdym-saz muşdaklary tarapyndan dowamly, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Bäsleşige gatnaşan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi hem talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda möhüm orun eýeledi. Çäksiz şatlyk-şowhuna eýe bolan aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji pursatlary has-da gyzykly, tolgundyryjy boldy. Şeýlelikde, öňe saýlanan zehinli ýaş aýdymçylardan welaýatyň Balkanabat şäherinden Guwanç Toýçyýew, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinden Hally Babaýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere ter gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyrynda üstünlikler arzuw edildi.