Ï 2024-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 5430

Şu ýylyň iýulynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen bu çäreler daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm ugry bolup, dostlukly döwletler bilen ynanyşmak, özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanyň häzirki syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýagdaýy, ýurduň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek barada pikir alyşdylar.

1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden Yrak Respublikasyna üstaşyr ibermegiň meselelerine garaldy.

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşdy. Bu düzümiň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek üçin tagallalary birleşdirmekden, syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ulgamlarda oňyn dialogy ösdürmekden ybaratdyr.

Şol gün Astanada Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygynyň, birek-birege hormat goýlup, ata-babalarymyzyň gymmatly wesýetleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana iş saparynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gazagystanly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olarda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitleýin geňeşçisi Mario Apostolow bilen geçirilen duşuşykda bu düzüm bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen geçiren duşuşyklarynda Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda netijeli ösdürilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň edaralary bilen BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň arasynda «2030-njy ýyla çenli adalatly geçiş üçin toplumlaýyn we utgaşdyrylan iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynyň berkidilmegi» atly bilelikdäki maksatnama resminamasy; «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam bermek» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasy; «Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de olar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» atly goşmaça girizilen Taslama resminamasy; «Adam hukuklaryny üpjün etmek ugrunda Türkmenistan boýunça adwokatlar kollegiýalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy bar.

16-njy iýulda geçirilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisiniň gün tertibine BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri, Baş Assambleýanyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullardyr serişdeler arkaly çözmäge, döwletleriň arasynda ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

16-17-nji iýulda türkmen wekiliýetiniň Slowakiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary, Ykdysadyýet ministrliginiň döwlet sekretary, Prezidentiň diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi, Milli Geňeşiň (parlament) Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy we Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen syýasy geňeşmelerdir ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olarda saparyň esasy maksadynyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmekden, dürli ugurlarda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmekden, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde hyzmatdaşlygy dowam etdirmekden ybaratdygy bellenildi.

17-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapuryň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa direktoratynyň baş direktory Samuel Tan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de halkara, sebit düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

18-nji iýulda Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça özara gepleşikler geçirildi. Taraplar sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

18-19-njy iýulda türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa saparynyň dowamynda ýurduň daşary işler ministri Luminisa Odobesku, Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary Adrian George Fogiş, Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Gigel Paraskiw, «Rumyniýa — Türkmenistan» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Karoli Kolçar bilen gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça dialogyň ýokary derejesi bellenildi. Şeýle hem Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

19-njy iýulda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Demirgazyk — Günorta birinji söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-nji iýulda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň we Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

23 — 29-njy iýulda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen we howp abanýan gymmatlyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir gymmatlyklary tebigy, garyşyk we medeni ugurlar boýunça agzalan sanawa girizmek baradaky tekliplere garaldy.

23-24-nji iýulda türkmen wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Premýer-ministri Şahbaz Şarif we ýurduň nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda bilelikde iş alyp barmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylyp, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli dialogyň ýola goýlandygy nygtaldy.

23-nji iýulda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň başlyklarynyň, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

24-nji iýulda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Sanly ulgam arkaly guralan mejlise gatnaşan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy. Şunda sebit we ählumumy wehimleriň öňüni almakda iki ýurduň garaýyşlarynyň hem-de çemeleşmeleriniň gabat gelýändigi aýratyn bellenildi.

26-njy iýulda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Fazal Muhammad Sabire Owganystanyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekilidigini tassyklaýan resminama gowşuryldy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýeti bellenildi. Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan giň gerimli halkara energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy.

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa türkmen türgenleri hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetiniň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

26 — 29-njy iýulda Mongoliýanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlendi hem-de «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek, konserwirlemek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, olary ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek boýunça öňde durýan wezipelere we beýleki meselelere garaldy.

28-nji iýulda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologik başlangyjy» ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu başlangyç Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek ugrunda ähli Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin täze halkara meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2024-nji ýyl üçin meýilnamasyndaky görkezilen wezipelere laýyklykda, toparyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat diňlenildi.

29-njy iýulda Daşary işler ministrliginde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň esas goýujy halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň, ýaragsyzlanmak babatda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen, ýurdumyz sebit hem-de ählumumy derejede bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegi dowam etdirmegi maksat edinýär.

Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we adam hukuklary babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Şunda gender deňligini üpjün etmek, enäniň, çaganyň saglygyny, maýyplaryň hukuklaryny goramak wezipelerine, ýaşlar syýasatyna uly ähmiýet berilýär.

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow Tährana iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Geçen aýyň dowamynda Daşary işler ministrliginde Nikaragua Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerine garaldy. Parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmäge, iri halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, geçen aýyň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen köp sanly çäreler Türkmenistanda durnukly ösüşiň täze belentliklerine ýetmek ugrunda anyk ädimleriň ädilýändigini subut edýär.