Ï Türkmenistanda gury ýük daşaýan gämileriň ikisiniň gurluşygyna başlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda gury ýük daşaýan gämileriň ikisiniň gurluşygyna başlanyldy

view-icon 2269
Türkmenistanda gury ýük daşaýan gämileriň ikisiniň gurluşygyna başlanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda gol çeken ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek baradaky Kararyna laýyklykda Türkmenbaşy Halkara portunyň çäginde «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi üçin gury ýük daşaýan täze gämileriň iksiniň gurluşygyna başlanyldy. Taslamany «Balkan» gämigurluşyk we gämiabatlaýyş zawody» açyk paýdarlar jemgyýeti Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýar.

Halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän her gämi 6100 tonna ýük götermäge niýetlenendir, olaryň uzynlygy 16,5 metre, beýikligi 8,3 metre barabar bolar. Täze gämileriň gurluşygynyň başlanmagy Türkmenistanyň deňiz ulaglary pudagynyň ösüşinde we halkara deňiz ýük gatnawynda ornunyň pugtalanmagynda, gämigurluşygynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde wajyp tapgyr bolar.

Taslama gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragy koreýaly bilermenleriň ýolbaşçylygynda ýörite iki aýlyk okuw geçen ýerli hünärmenlerdir. Taslamanyň ýerine ýetirilmeginiň diňe bir Türkmenistanyň deňiz flotuny pugtalandyrman, eýsem, gämigurluşygy pudagynda milli hünärmenleriň hünär derejesini hem ýokarlandyrar.

«Balkan» gämigurluşyk we gämiabatlaýyş zawody» bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan ýük gämileriniň ikisini bilelikde gurmak baradaky şertnama 2023-nji ýylyň sentýabrynda gol çekildi. Onda «Balkan» zawodynyň hünärmenleriniň Koreýanyň gämigurluşyk tehnologiýalaryny öwrenmegi, zawodda hil menejmenti ulgamynyň ornaşdyrylmagy, taslama işleriniň gämigurluşygynda kabul edilen howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak ölçegleriniň ýokary derejesine laýyk gelmegi göz öňünde tutulandyr.