Ï Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi barada täze kitaplar neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi barada täze kitaplar neşir edildi

view-icon 2747
Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi barada täze kitaplar neşir edildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda täze kitaplar neşir edildi. Olaryň arasynda nusgawy şahyryň dünýäniň dürli dillerindäki eserler ýygyndysy, şahyrana dünýäsi, ynsanperwer pikirleri, onuň döredijiliginiň täsiri barada ylmy we populýar neşirler, şeýle hem türkmen halkynyň beýik oglunyň köpgyraňly döredijilik mirasyny öwrenen alymlara we ony ýaýyjylara bagyşlanan işler bar.

Olaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri Gurbanjemal Ylýasowanyň XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan, golaýda çap edilen «ХХ asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitaby bar.

Kitap üç bölümden ybarat bolup, onda Magtymguly Pyragynyň şygryýetini öwrenen daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň ençemesi hakda maglumatlar jemlenilýär, onuň şahyrana dünýäsini öwrenmegiň täze ugurlary seljerilýär. Neşirde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmegiň – «Magtymgulyşynaslygyň» milli mekdebini esaslandyryjylaryň biri – akademik, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň eserlerini toplamagy, öwrenmegi, terjime etmegi we ýaýmagy guraýjy akademik Baýmuhammet Garryýewiň ylmy işlerine esasy orun berilýär.

G.Ylýasowanyň kitabynda B.A.Garryýewiň Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan, Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde we Moskwanyň Gündogary öwreniş institutynda goralan ilkinji kandidatlyk hem-de doktorlyk dissertasiýalarynyň awtorydygy bellenilýär. Alymyň 600-den gowrak ylmy eserinden ýüze golaý işi türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiligi bilen baglanyşyklydyr.

«Ylym» neşirýatynda şu ýyl çap edilen ýene bir täze «Görnükli magtymgulyşynas» atly kitap akademik Baýmuhammet Garryýewiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekdäki bahasyna ýetip bolmajak goşandyna bagyşlanýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we onuň döredijilik mirasyny öwreniji alymyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan bu kitap B.A.Garryýewiň maşgala arhiwindäki seýrek we gymmatly çeşmelerdir resminamalar bilen üsti ýetirilen makalalar ýygyndysydyr. Üç dilde çap edilen bu kitap Gündogaryň beýik akyldar nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Aziýa, Ýewropa, GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň, BMG-niň, TÜRKSOÝ-yň we beýleki guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda maý aýynda geçirilen medeniýet ministrler derejesinde halkara maslahatyna gatnaşyjylara sowgat berildi.

Kitapda B.A.Garryýewiň işleriniň alymyň pikirlerini dowam etdirijileriň geljekki ylmy işleri üçin esas bolandygy, türkmen ylmy üçin täze bir ugruň – «Magtymgulyşynaslygyň» döremegine we umuman türkmen filologiýa ylmynyň ösmegine ýardam edendigi bellenilýär. Ýygyndy ХХ asyryň görnükli alymlary W.A.Gordlewskiniň, E.E.Bertelsiň, N.K.Dmitriýewiň, A.P.Poseluewskiniň, şeýle hem tanymal terjimeçi – şahyrlar G.Şengeliniň, A.Tarkowskiniň, Lui Bazeniň we beýlekileriň, gazanan üstünlikleri we ykrar edilmegi köp babatda B.A.Garryýewiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine dürli dilli okyjylary özüne çeken ýokary hilli sözme-söz terjimeleri manyly teswirlemeleri bilen baglanşykly adamlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan türkmen alymynyň ylmy gözlegleriniň köpgyraňdygy barada düşünje berýär.