Ï Ekerançylyk ýerleri bugdaý ekişine taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekerançylyk ýerleri bugdaý ekişine taýýarlanylýar

view-icon 3354
Ekerançylyk ýerleri bugdaý ekişine taýýarlanylýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. 130 müň gektar ýere tohum sepip, ak bugdaýyň bol hasylyny almaklygy maksat edinýän lebaply daýhanlar ekiş geçiriljek ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda sürüm, tekizleýiş we çil çekmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.

Bu işde welaýat boýunça kuwwatly ýer sürüji traktorlaryň, tekizleýiş hem-de çil çekmek işlerine niýetlenen oba hojalyk gurallarynyň ýüzlerçesi netijeli işledilýär. Daýhanlar üçin örän jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýokary hil derejesinde geçirilmegi kadaly gögeriş gazanmak we ýerden bol hasyl almak üçin esasy şertleriň biridir. Hut şonuň üçin hem welaýatyň gallaçy daýhanlary sürüm işleriniň çuňlugyna, ýerleriň endigan tekişlenişine aýratyn üns berýärler. Bu ugurda kuwwatly tehnikalaryň, esasan-da ýurdumyz bilen uzak ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän «John Deere» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli traktorlarynyň, oba hojalyk gurallarynyň hem-de tirkegleriň güýjünden netijeli peýdalanylýar.

Bugdaý ekiljek meýdanlarda işleriň gidişiniň hünärmenler tarapyndan aýratyn gözegçilikde saklanylmagy bolsa, jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Bugdaý ekmeklige niýetlenen ekerançylyk ýerleriniň fosfor döküni bilen gurplandyrylmagy hem ak ekiniň bitginli hasylyny kemala getirmeklik üçin möhümdir. Welaýat boýunça ýerleri gurplandyrmak maksady bilen, 26 müň 975 tonna fosfor döküni, ýagny, her gektara ortaça 207 kilogramdan gowrak dökün möwsüme taýýar edilipdir we etraplara degişli möçberde paýlanyp berlipdir. Häzirki wagtda taýýarlanylan döküniň eýýäm 50 göterimden gowragy ýörite tehnikalaryň kömegi bilen bugdaý ekiljek ýerlere berlipdir.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem oba hojalyk ulgamynyň tehniki binýadynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Bu bolsa, ekin meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, ýerlere dökün bermek, ýokary hilli ekiş geçirmek, oba hojalyk ekinlerine tehniki ideg etmek, akabalarda arassalaýyş we çuňaldyş işlerini geçirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ekinlere daýhan gözi bilen seretmek, öz wagtynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek bolsa, ýerden bol hasyl almaklygyň esasy şertidir.