Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynyň uzaga çeken arakesmeden soň 19-njy tapgyry «Ahal» bilen «Aşgabat» toparynyň duşuşyklary bilen dowam etdi. Bu duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynyň üçünji aýlawy başlandy.
Onuň ikinji ýarymyna Mary welaýatynyň çempionlyk ýaryşyndan çykmak kararyna gelen «Energetik» topary gatnaşmaz. Şeýlelikde, «ýurdumyzyň çempiony» diýen at ugrundaky göreşi sekiz topar dowam etdirer. Olar «Arkadag», «Altyn asyr», «Ahal», «Şagadam», «Merw», «Aşgabat», «Nebitçi» we «Köpetdag» toparlary.
«Ahal» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçdi. «Ahal» toparynyň oýunçylary üçin bu täze baş tälimçi, 42 ýaşly Welsähet Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji oýun boldy. Ol «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň tälimçi paýasynda baş tälimçi hökmünde Türkmenistanyň (20 ýaşa çenli) ýaşlar toparyny Aziýa kubogy – 2025-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlaýan 43 ýaşly futbol hünärmeni Döwletmyrat Annaýewiň ýerini eýeledi. Ondan öň Welsähet Owezow Döwletmyrat Annaýewe «Ahal» toparyna tälimçilik işinde üstünlikli kömek edýärdi. Indi bolsa milli birinjiligiň ýokary ligasynyň bir topary bilen baş tälimçi hökmünde özbaşdak işlemek mümkinçiligi ýüze çykdy.
Welsähet Öwezowyň bu wezipede ilkinji tälimçilik ädimi diýseň üstünlikli boldy. Onuň şägirtleri garşydaş derwezä üç sany jogapsyz pökgi geçirip, «Aşgabat» toparyna garşy duşuşygy netijeli tamamlady. Ýeňijiler toparyndan Meýlis Diniýew (6-njy minut), Elman Tagaýew (55-nji minut) we Hakmuhammet Bäşimow (78-nji minut) dagy tapawutlandy.
Bu ýeňişden soň, «Ahal» topary 37 utuk toplap, bir oýun az oýnap, ikinji orunda barýan «Altyn asyr» toparyň yzyndan ýetdi. 16 utugy bolan «Aşgabat» topary ýaryşyň sanawunda altynjy orunda barýar.
17-nji awgustda 19-njy tapgyryň ýene iki duşuşyklary bolar: «Arkadag» – «Şagadam» we «Nebitçi» – «Köpetdag».
19-njy tapgyryň ýene bir duşuşygy, «Altyn asyr» bilen «Merw» toparlarynyň arasynda bolmaly duşuşyk Türkmenistanyň wise-çempionynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşmagy sebäpli, başga bir senä geçirildi.