Ï Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlary «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» bäsleşigine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlary «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» bäsleşigine gatnaşdy

view-icon 3279
Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlary «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» bäsleşigine gatnaşdy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurduň halk teatrlarynyň arasynda geçirilýän «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» döredijilik bäsleşiginiň welaýat boýunça göçme çykyşlary Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly drama teatrynda we Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda geçirildi.

Teatr we döredijilik toparlar eminleriň we tomaşaçylaryň dykgatyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde berlen rowaýatlaryň we hekaýatlaryň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň esasynda goýlan sahna oýunlaryny hödürlediler.

«Magtymguly Pyragy – köňülleriň çyragy», «Ykbally bendäniň paýy, gözel sen», «Dürler hazynasy» we «Hywada» atly sahna eserleri türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýaşan we ajaýyp şygyrlaryny döreden taryhy döwrüni görkezýär. Olar Magtymguly Pyragynyň Gerkez obasynda geçen ýaşlyk ýyllary, şahyryň Buharadaky Gögeldaş medresesinde okan wagty, şeýle hem Hywanyň Şirgazi medresesinde bilim alan döwri barada gürrüň berýärler.

Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň medeniýet bölüminiň döredijilik topary dramaturg Gadam Kakabaýewiň döredijiligine ýüzlenmek bilen, bäş perdeli «Magtymguly Pyragy» sahna oýnuny sahnalaşdyrdy.

Şabat etrabynyň Adalat geňesliginiň oba Medeniýet öýüniň döredijilik toparynyň goýan oýnunda Magtymguly zergär keşbinde peýda bolýar. Şahyryň durmuş ýagdaýlaryny açyp görkezýän bu oýun tomaşaçylara türkmeniň milli mirasynyň we sungatynyň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada möhüm düşünje berýär.

Köneürgenç etrabynyň we Gubadag şäheriniň teatr toparlary türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda goýlan oýunlar bilen çykyş etdiler.

Göçme çykyşlaryň netijeleri boýunça, Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň medeniýet bölümleriniň döredijilik toparlary, Saparmyrat Türkmenbaşy we Akdepe etraplary degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orny eýeledi.

Bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesine Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň hormat hatlary we jemgyýetçilik guramalaryndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy.