Ï Türkmenistanly karateçi Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly karateçi Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi

view-icon 2535
Türkmenistanly karateçi Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi

Türkmen karateçisi Alymuhammet Kakalyýew Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi.

Aziýa karate federasiýasy WKF-iň howandarlygynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşýar. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynda aýtmaklaryna görä, Aziýa çempionatynda toparymyza 10 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli 3 emin gatnaşýar.

Alymuhammet Kakalyýew 57 kilograma çenli agram derejesinde kadetleriň arasynda kumite boýunça bürünç medal bilen sylaglandy, bu ýaryşda 18 türgen baýrak ugrunda bäsleşdi. Bu üstünlige barýan ýolda ol üç ýeňiş gazandy.

Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy birinji tutluşykda Aleksandr Sing Ziany (Filippinler) – 8:3 hasabynda ýeňdi, ikinjisinde Lam Puiden (Gonkong) – 4:6 hasabynda ýeňildi. Gonkongly türgeniň finala çykmagy netijesinde Alymuhammet gaýtalanma ýaryşy arkaly bürünç medal ugrunda bäsleşmek hukugyny aldy. Ilki bilen A.Kakalyýew wýetnamly Duong Wan Luony 3:0 hasabynda ýeňdi, medal ugrundaky çekeleşikli göreşde bolsa Fahad Alazemi (Kuweýt) 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we hormat münberiniň üçünji gatyna çykdy.

Bu zehinli karateçiniň şu ýyl daşary ýurtlardaky ýaryşlarda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Fewral aýynda Alymuhammet Fujeýrede (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Ýaşlar karate ligasy 1» halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy. Maý aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçirilen WKF karate boýunça Merkezi Aziýa 9-njy çempionatynda münberiň ýokary gatyna çykdy, soňra Ispaniýanyň La Koruña şäherinde geçirilen ýene «Ýaşlar karate ligasy 1» halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy .

Alymuhammet Kakalyýew Ahal welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçisi Maksat Atdaýewden karate boýunça tälim alyp başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi 5-nji dan gara guşagyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Halkara ýaryşlarda üstünlik gazanmak bilen Alymuhammet Dakarda 2026-njy ýylda geçiriljek IV tomusky Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin zerur utuklary gazanýar. Afrikada ilkinji gezek geçiriljek IV tomusky Ýetginjekler olimpiýa oýunlary 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabryndan 14-nji noýabry aralygynda Senegalyň paýtagtynda geçiriler.