Ï Türkmenistanly karateçiler Manilada geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly karateçiler Manilada geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler

view-icon 2883
Türkmenistanly karateçiler Manilada geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler

Türkmen karateçileri Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler.

Aziýa karate federasiýasy WKF-iň howandarlygynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşdy.

WKF (World Karate Federation) yklym federasiýalarynyň bäşisine wekilçilik edýän 200 ýurtdan ybarat Bütindünýä Karate federasiýasynyň iňlis dilinde gysgaldylyp alynmasydyr. Häzirki wagtda ol ýüz milliondan gowrak agzasy bolan Halkara Olimpiýa Komitetiniň ykrar eden ýeke-täk karate guramasydyr.

Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň toparyna 10 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli eminleriň üçüsi wekilçilik etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, toparymyzdan birinji bürünç medaly Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew 57 kilograma çenli agram derejesinde kadetleriň arasynda kumitede eýeledi.

Bäsleşigiň ahyrky güni Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene iki bürünç medal gazandy. Baýraklary Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň türgeni Magtymguly Annaýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow eýelediler. Olaryň ikisi hem 21 ýaşa çenli ýaş toparynda kumitede üstünlik gazandylar. Magtymguly Annaýew 13 türgeniň medallar ugrunda bäsleşen 55 kilograma çenli agram derejesinde, Dawut Nazmyradow bolsa 16 karateçiniň bäsleşen 75 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandylar.

Medala barýan ýolda M.Annaýew iki ýeňiş gazandy. Birinji tutluşykda ol Hasimudin Ak Ahmad Munib Aýmany (Bruneý) – 10:2 hasabynda ýeňdi, ikinjide Truong Nam Tiýenden (Wýetnam) – 4:8 hasabynda ýeňildi. Wýetnamly türgeniň finala çykmagy netijesinde Magtymguly Annaýew teselli beriş ýaryşynda bürünç medal ugrunda bäsleşmäge hukuga eýe boldy. Medal ugrunda çekeleşikli tutluşykda ildeşimiz Salemom Alajmini (Kuweýt) – 9:8 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Dawut Nazmyradow üç ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige ýetdi. Ol birinji tutluşykda Muhammedali Saýmatowy (Özbegistan) – 6:3 hasabynda, ikinjide bolsa Abdulrahman Al-Mohanadini (Katar) – 10:0 hasabynda ýeňdi. Soňra ýarym finalda Mohammaderfan Askaripurudan (Eýran) – 4:11 hasabynda ýeňlişe sezewar bolan Dawut Nazmyradow Lu Wo An Duýany (Wýetnam) – 10:2 hasabynda ýeňip, bürünç medal gazandy. 

Şu ýylyň başynda M.Annaýew we D.Nazmyradow Samarkantda (Özbegistan) geçirilen WKF karate boýunça 9-njy Merkezi Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandylar. Indi bolsa Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldular. Magtymguly Annaýew Ahal welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçisi Amangeldi Bäşimowyň elinde karate boýunça tälim alyp başlady, Dawut Nazmyradow bolsa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiň tälimçisi Nazmämmet Şatlykgulyýewyň ýolbaşçylygynda karate boýunça tälim alyp başlady. Häzirki wagtda türgenleriň ikisi-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçisi 5-nji dan gara guşagyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýärler.