Ï «Şagadam» futbol topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Şagadam» futbol topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy

view-icon 2335
«Şagadam» futbol topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy

Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän «Şagadam» topary täze baş tälimçisi Aly Gurbanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň öz meýdançasyndaky duşuşygynda «Aşgabat» toparyny 3:1 hasabynda utup, ilkinji ýeňşini gazandy.

73 ýaşly Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbany şu ýylyň tomsunda «Şagadam» toparyna ýolbaşçylyk edip başlady. Ol ýurdumyzyň Olimpiýa topary we türkmen klublarynyň ýedisi bilen işläp uly tejribe toplady. «Şagadam» toparynyň tälimçisi hökmünde Ýewgeniý Tkaçenkonyň ornuna geldi, indi ol baş tälimçiniň kömekçisi bolup işlär.

«Şagadam» toparyna ýeňiş getiren duşuşykda ýene bir ajap waka boldy, ýagny Täjigistanyň Kulýab şäheriniň «Rawşan» toparyndan «Şagadam» toparyna geçen türkmen ýarymgoragçysy Musa Nurnazarow duşuşykda ilkinji pökgüsini geçirdi. 

Şu ýyl Musa «Rawşan» toparynyň hatarynda Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny eýeledi. «Aşgabat» topary bilen duşuşykda 24 ýaşly bu oýunçy 61-nji minutda hasaby açdy. Mekan Aşyrow 67-nji we 69-njy minutlarda iki pökgi geçirdi. Duşuşygyň 85-nji minudynda meýdança eýeleriniň oýunçysy Didar Tejenow pökgini öz derwezesine salyp, gutarnykly hasaby kesgitledi.

Bu ýeňişden soň «Şagadam» topary 27 utuk bilen dördünji orny saklap galdy.

16 utuk toplan «Aşgabat» topary, Balkanabadyň «Nebitçi» topary bilen 6-7 orny paýlaşýar, topar 20-nji tapgyryň duşuşygynda 1:0 hasabynda utup durka, Mary şäherinde «Merw» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy. Myhmanlardan Myratdurdy Baýramow 4-nji minutda hasaby açdy. Iki minutdan soň Abdyresul Abdyýew hasaby deňledi – 1:1. Perman Hallyýew bolsa ikinji ýaryma berlen goşmaça 7-nji minudynda «Merw» toparyna ýeňiş getiren pökgüni tora saldy. 

Bu tapgyrda Aziýanyň klub ýaryşlaryna gatnaşyjy iki topar «Arkadag» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen duşuşygy uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi we çempiony «Arkadag» topary şu ýyl Aziýanyň ähmiýeti boýunça üçünji derejeli klub ýaryşynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçasynda ilkinji gezek çykyş eder. «Altyn asyr» topary myhmançylykda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny 3:2 hasabynda erjellik bilen ýeňen soň has ýokary derejeli toparlaýyn ýaryşda AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik eder.

Duşuşyk Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň garşydaşynyň derwezesine 5 pökgi geçirip, öz derwezesine birini goýberen «Arkadag» toparyna degerli garşylyk görkezip bilmändigini görkezdi. Ýeňijilerden Altymyrat Annadurdyýew (27-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan we 59-njy minutda) iki pökgi, Ilýa Tamurkin (36-njy) we Şanazar Tirkişew (58-nji) minutlarda bir pökgi geçirdiler. Bäşinji pökgini Resul Röwşenmyradow (86-njy minutda) öz derwezesine saldy. Ýeňilenlerden Röwşengeldi Halmämmedow (78-nji minutda ) abraýly pökgüsini saldy. 

Bu ýeňişden soň «Arkadag» topary ýurdumyzyň çempionatynda öňdäki ornuny has-da berkitdi. Indi «Altyn asyr» topary 20-nji tapgyrda garşydaşy «Köpetdag» toparyny öz meýdançasynda 4:1 hasabynda ynamly ýeňen «Ahal» topary bilen ikinji orun ugrunda göreşer. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyna Elman Tagaýew (23-nji), Salim Umarow (30-njy minutda), Daýanç Meredow (32-nji minutda) we Gurbanmuhammet Esenow (73-nji minutda) ýeňiş getirdiler. «Köpetdag» toparyndan Galabek Jumamyradow (68-nji minutda) tapawutlandy.

Begenç Garaýewiň häzirki milli çempionatynda 11-nji gezek ýeňlen topary 13 utuk bilen ýaryşyň sanawunda soňky orunda barýar.