Ï Hazar şäherinde «Dragon Oil» kompaniýasynyň baýragy ugrunda küşt boýunça ýaryş geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazar şäherinde «Dragon Oil» kompaniýasynyň baýragy ugrunda küşt boýunça ýaryş geçirildi

view-icon 2850
Hazar şäherinde «Dragon Oil» kompaniýasynyň baýragy ugrunda küşt boýunça ýaryş geçirildi

Daşoguz welaýatyndan sport ussady diýen ada dalaşgär 30 ýaşly Şahruh Turaýew Hazar şäherinde, şol sanda çagalaryň we zenanlaryň gatnaşmagynda 32 küştçüniň gatnaşmagynda geçirilen açyk küşt boýunça ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşy Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýardam bermeginde «Dragon Oil» kompaniýasy (BAE) gurady.

Şahruh Turaýew mümkin bolan 7 utukdan 7 utuk toplady. Mekdep okuwçylary Aşgabat şäherinden Dawut Meredow we Mary welaýatyndan Serdar Käbehanow ýeňijiden 1,5 utuk az netije bilen degişlilikde 2-nji hem-de 3-nji orny eýelediler. Ýeňijilere, ýaryşa gatnaşan ýaş küştçülere we zenan türgenlere «Dragon Oil» kompaniýasynyň gymmatly sowgatlary gowşuryldy.

Şahruh Turaýew Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi bolmak bilen birlikde küşdi özüne hünär edinmek derejesinde meşgullanýar. Ýaryşyň ahyrynda ol bäş garşydaşy bilen bir wagtda oýun oýnady, dört döwde ýeňiş gazandy we birini deň tamamlady.

Ýaryşyň baş emini, Türkmenistanda ilkinji «Küşt Älemi» hojalyk jemgyýetiniň direktory Gurbangeldi Amangeldýewiň özi-de Balkan welaýatyndaky küşt mekdebiniň wekilidir.

Hazar şäherinde geçirilen ýaryşyň yzygiderli bolmagyna umyt bildirilýär. Şeýle hem, «Dragon Oil» kompaniýasy, «Küşt Älemi» hojalyk jemgyýeti we Türkmenistanyň Küşt federasiýasy ýakyn wagtda bu deňiz kenaryndaky şäherde ilkinji çagalar küşt klubyny açmagy meýilleşdirýärler.